Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyny Bütimdünýä welosiped güni bilen gutlady

01:4803.06.2018
0
6850

Mähriban halkym! 
Eziz watandaşlar!

Sizi halkara derejede bütin dünýäde, şeýle hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ilkinji gezek giňden bellenilýän Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu halkara baýramyň adamzadyň parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyryp, ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrundaky beýik işlerimizde egsilmez ruhy güýç berýän, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrýan aýratyn sene hökmünde milli senenamamyzda mynasyp orun aljakdygyna berk ynanýaryn.

Welosiped sporty dünýäde sportuň giňden ýaýran hem-de Olimpiýa oýunlarynyň düzümine girizilen iň meşhur görnüşleriniň biridir. Taryhyny 1869-njy ýylda Fransiýanyň Pariž we Ruan şäherleriniň aralygynda geçirilen ilkinji uly ýaryşdan alyp gaýdýan welosiped sporty häzirki döwürde diňe bir sport babatdaky öňegidişlikleri aňlatman, eýsem, adamzadyň parahatçylyk söýüjilik taglymatlaryny, dostlugy hem-de hoşniýetliligi hem dabaralandyrýar. Biz halklaryň ýakynlaşmagynyň, bütin dünýäde parahatçylyk, dostluk we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerine, şol sanda halkara sport hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna uly üns berýäris. Bu ugurda Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, halkara we sebitara sport guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeldýäris. Golaýda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň 82-nji mejlisinde 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni hökmünde ykrar edýän Rezolýusiýanyň kabul edilmegi biziň parahatçylygy, dostlugy, oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrundaky başlangyçlarymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan yzygiderli goldanylýandygyna şaýatlyk edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine berk eýerýän, halkara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan, geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini umumadamzat bähbitleriniň we ösüşiniň hatyrasyna gönükdirýän eziz Watanymyzyň halkara abraýynyň yzygiderli artýandygyna şaýatlyk eden bu taryhy waka mähriban halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýar.

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylan 2018-nji ýylyň güneşe baý bereketli tomus paslynyň ilkinji günlerinde Bütindünýä welosiped gününiň şanyna köpçülikleýin welosiped ýörişleriniň, baý öwüşginli medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň geçirilmegi eziz Diýarymyzy sagdynlygyň we sportuň ýurdy hökmünde dünýä tanadýar, biziň her birimizde şatlykly duýgulary döredýär, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrýar.

Eziz watandaşlar!

Bedenterbiýe we sport döwlet syýasatymyzyň örän möhüm ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň, ussat türgenleri taýýarlamagyň döwlet maksatnamalaryny kabul etdik, toplumlaýyn özgertmelere badalga berdik. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän sport toplumlaryny, stadionlary, atçylyk-sport toplumlaryny, ýöriteleşdirilen sport mekdeplerini, dynç alyş-sagaldyş merkezlerini, şypahanalary gurduk. Aşgabat şäherinde bolsa Halkara olimpiýa komitetiniň talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylan kyrka golaý desgalary, şol sanda sportuň dürli görnüşleri boýunça desgalaryň on altysyny özünde jemleýän Olimpiýa şäherçesini bina etdik.

2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede, aýratyn guramaçylyk ýagdaýynda geçirip, Türkmenistan döwletimizi giň möçberli halkara derejesindäki sport bäsleşiklerini guramaga ukyply sport ýurdy hökmünde dünýä tanatmagymyz bolsa biziň bu ugurda gazanan iň uly üstünligimizdir.

Mähriban halkym!

Biz sportuň köp sanly görnüşlerini, şol sanda welosiped sportuny ösdürmäge, ýokary derejeli ussat türgenleri we tälimçileri taýýarlamaga döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berýäris. Milli baýramlara hem-de şanly senelere gabatlap, köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirýäris. Lebap topragyndan badalga berlen Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça welosipedli we ylgaw ýaryşlary häzirki wagtda üstünlikli dowam edýär. Şonuň bilen birlikde, Indoneziýa Respublikasynyň Jakarta we Palembang şäherlerinde geçiriljek XVIII tomusky Aziýa oýunlarynda, şeýle hem Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň wekilleriniň üstünlikli çykyş edip, Türkmenistan döwletimiziň halkara derejedäki abraýyny mundan beýläk-de belende göterjekdiklerine berk ynanýarys.

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi parahatçylygy we ynsanperwerligi berkidýän, jemgyýetimiziň ägirt uly döredijilik we ruhy kuwwatyny artdyrýan, agzybirligimizi we jebisligimizi pugtalandyrýan halkara baýram — Bütindünýä welosiped güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň