Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Welosipedçileriň halkara bileleşiginiň prezidentinden gutlag haty gelip gowuşdy

01:0303.06.2018
0
4521

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz,
Welosipedçileriň halkara bileleşiginiň (UCI) adyndan Türkmenistany Bütindünýä welosiped gününi geçirmek baradaky başlangyçda eýeleýän öňdebaryjy orny bilen gutlaýaryn hem-de 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek baradaky Kararnamany kabul etmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleriniň 193-sini birleşdirmek ugrunda geçirilen diplomatik işiň gerimine ýokary baha berýändigimi beýan edýärin.
Ilkinji gezek bellenilýän bu senäniň baýram edilmegi welosipediň durmuş we ekologiýa taýdan artykmaçlyklaryny ýene bir gezek äşgär eder hem-de UCI bu işleri goldamagyny dowam eder.
Biz Bütindünýä welosiped gününiň has-da giňden bellenilmegi ugrunda Ýer ýüzündäki hyzmatdaşlara birikmäge şatdyrys. Özümiziň 190 milli federasiýalarymyz hem-de tutuş dünýä boýunça bäş Yklym Konfederasiýalary bilen işlemegi dowam ederis, ähli ýaşlardaky we beden taýdan mümkinçilikleri bolan raýatlaryň bu çärelere gatnaşmagy hem-de welosipedlerde gezelenç edip, lezzet almagy üçin welosiped medeniýetiniň kemala gelmegine ýardam bereris. Şäherlerde ulaglary howpsuz peýdalanmaga ýardam berýän düzümleri döretmek işinde hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrarys.
Bütindünýä welosiped gününiň “Welosiped sporty hemmeler üçin” diýen täze başlangyçlary herekete girizmekde, BMG ýaly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmakda her ýyl aýratyn sepgit boljakdygyna umyt edýäris.
Eger-de adamlar sport bilen meşgullanmak hem-de dynç almak, şeýle hem işe gidip-gelmek üçin welosipedlerden peýdalansalar, amatly daşky gurşaw şertlerinde ýaşap, olaryň has-da sagdyn boljakdyklaryna ynanýaryn.
Siziň welosiped sportuny hem-de welosipedde gezelenç etmek ýörelgelerini ösdürmek üçin tutuş dünýä oňyn binýady teklip edýändigiňiz üçin Size ýene bir gezek hoşallyk bildirýärin.
Meniň iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!
Dawid LAPPARTIENT,
Welosipedçileriň halkara bileleşiginiň prezidenti

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň