Türkmenistanyň Prezidenti “ARETI” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi

23:5702.06.2018
0
7911

2-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda dürli pudaklardaky täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini nazara alyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.
Sport ulgamynda, şol sanda ýurdumyzda ýyl-ýyldan uly meşhurlyga eýe bolýan welosiped sporty ugrunda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň özenini düzdi. Ilkinji gezek bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Aşgabatda giň möçberli sport çäresi bolan köpçülikleýin welosipedli ýörişiň guralmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatda, hususan-da, 2019-njy ýyldan başlap, paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde welosport boýunça iri halkara ýaryşlary geçirmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow özara bähbitleri nazara almak arkaly ýola goýulýan hem-de anyk netijelere gönükdirilýän işjeň hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň