Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlady

10:2301.06.2018
0
6948

Mähriban halkym!

Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleri!

Sizi tomus paslynyň ajaýyp günlerinde giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Parahatçylyk, dostluk, belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň çuňňur many-mazmunyny, aýratyn hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýokary döredijilik ruhuny özünde jemleýän bu halkara güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň eziz Watanymyzyň ýaş nesillerine buýsanjymyzy has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn. Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleri Türkmenistan döwletimiziň at-abraýyny has-da belende galdyrjak merdana nesillerimiz, eziz Watanymyzyň gül-gunçalary, beýik geljegimizdir. Däp bolşy ýaly, her güni şan-şöhratly, taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady, medeni wakalara baý «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda hem Çagalary goramagyň halkara güni biziň döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky esasy ýörelgelerine ygrarlydygyny, ýaş nesillerimiziň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny alamatlandyrýan sene hökmünde giňden bellenilýär. Bu halkara gününiň ähmiýetini has-da artdyrmak, parahatçylyk söýüjiligimizi, dostlugymyzy, agzybirligimizi pugtalandyrmak hem-de milli ýörelgelerimizi rowaçlandyrmak maksady bilen, Aşgabat şäherinde, gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjegine öwrülen Gökderede, at-owazasy dünýä ýaň salýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlarymyzdaky döwrebap çagalar sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümine badalga berilýär. Mähriban çagalarymyzyň milli öwüşginli, baý mazmunly şirin aýdymlary, joşgunly sazlary, şadyýan gülküleri belentden ýaňlanyp, Türkmenistan Watanymyzyň, ajaýyp zamanamyzyň, gözel tebigatymyzyň waspy ýetirilýär.

Eziz watandaşlar!

Türkmen halky uzak taryhy döwürlerden bäri nesilleriň beden we ruhy sagdynlygyna, maşgala däplerine, edep-ekrama, adamkärçilige, pähim-paýhasa, zähmete uly ähmiýet berip gelýär. Merdana ata-babalarymyz bu mukaddes ýörelgeleri asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip, baýlaşdyryp, nesillerden-nesillere geçirip gelipdirler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz köklerini müňýyllyklardan alyp gaýdýan, agzybirligimiziň, pähim-paýhaslylygymyzyň, maşgala we terbiýe mekdebimiziň binýadyna öwrülen milli ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirýäris. Aň-bilim taýdan ösen, ruhy taýdan baý, beden taýdan sagdyn, eziz Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek nesiller üçin beýik geljegi gurýarys. Mährem enelerimiziň, bagtyýar çagalarymyzyň rahat, sagdyn, şadyýan durmuşda ýaşamagyna, hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegine, milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelenmegine gönükdirilen milli maksatnamalarymyzy hem-de giň gerimli toplumlaýyn özgertmelerimizi üstünlikli durmuşa geçirýäris. Şu maksat bilen, paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde, ähli şäherdir obalarymyzda iň häzirki zaman enjamlary, multimedia we okuw-tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen çagalar baglary, mekdepler, sport merkezleri, enelerimize we körpelerimize halkara derejesinde ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş hyzmatlaryny amala aşyrýan «Ene mähri» saglyk merkezleri, Köpetdagyň sergin jülgelerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolsa çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri bina edildi. Eziz Watanymyzyň abraýyny halkara derejesinde has-da artdyrýan taryhy ähmiýetli wakalar, gazanylýan üstünlikler kalbymyzda uly buýsanç duýgularyny döredýär, belent watansöýüjiligi we ynsanperwerligi terbiýeleýär.

Mähriban halkym!

Biz eneligi we çagalygy hukuk taýdan goramak, maşgala goldaw bermek, çagalarymyzyň beden, aň-bilim, ruhy, ahlak we döredijilik taýdan talabalaýyk ösüşini üpjün etmek meselelerine örän jogapkärli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşýäris. Çagalaryň saglygyny, hukugyny goramak, olara ahlak-demokratik ýörelgeler esasynda bilim-terbiýe bermek, zenanlaryň hem-de çagalaryň bähbitlerini we hukuklaryny goramak ugrunda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýäris, dünýä bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýarys. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu ugurda binýatlaýyn halkara hukuk resminamalarynyň birnäçesine — Çagalaryň ýaşaýşyny, goraglylygyny we ösüşini üpjün etmek boýunça Bütindünýä Jarnamasyna, Birleşen Milletler Guramasynyň çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna, Çagalaryň halkara derejede ogurlanmagynyň raýat jähetleri boýunça Gaaga Konwensiýasyna goşuldy. Biziň döwletimiziň 2018 — 2020-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine hem-de 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanmagy Türkmenistanyň halkara giňişligindäki ornunyň ykrar edilýändigine we barha berkeýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Mähriban halkym!

Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleri!

Sizi Çagalary goramagyň halkara güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, uzak ömür, asuda we abadan durmuş, egsilmez bagt, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň