Soňky habarlar

Arhiw

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi: tozanly howada özüňi alyp barmagyň düzgünleri barada

11:3231.05.2018
0
5539

Şemally howada we şemal ýatandan soň howada tozan saklanyp biler. Şol döwür her hili dowamly keselli adamlar öz saglygyna has esewan bolmalydyrlar. 

Ýaz aýlary allergik keselleriň möwjemegi mümkin, mundan başga-da dowamly keselli adamlaryň saglygyna ünsüni gowşadan mahaly dertleriniň möwjemegi mümkindir. Ýokarda aýdylanlardan ugur alnyp, ýokary gan basyşly adamlar, öýken keselliler, dürli allergiýa dertli adamlar maşgala lukmanynyň gözegçiliginde bolup, olaryň maslahatyna doly eýermelidirler. 

Tozanly howada öýden çykmazlyk, zerur möçberde arassa suw içmek, gan başyny barlap we oňa gözegçilik edip durmak, ozal bolmadyk kesel alamatlary ýüze çykanda lukmana ýüz tutmak, allergik konýuktiwitli adamlara äýnek geýmek, dem alyş ýollary dowamly kesellilere medisina nikabyny geýmek maslahat berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň