Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

05:3731.05.2018
0
10852

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýynda geçiren işleriniň netijelerine garaldy, şeýle hem olaryň işini has-da kämilleşdirmek boýunça wezipeler kesgitlenildi.
Mejlisiň barşynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew parahatçylykly, goranyş häsiýetine eýe bolan milli Harby doktrinany durmuşa geçirmek boýunça hasabat döwründe geçirilen işler, goşunyň ähli kysymlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmak, serkerdeleriň hem-de tutuş şahsy düzümiň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany harby gullukçylaryň nazaryýet we söweşjeň taýýarlygyny kämilleşdirmek bilen bir hatarda, Watan goragçylarymyzyň watançylyk terbiýesine hem-de beden taýýarlygyna, gulluk we durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna, amala aşyrylýan harby özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns bermegiň möhümdigini aýdyp, ministre birnäçe degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti käbir ýolbaşçylary wezipä bellemek baradaky resminamalara hem gol çekdi.
Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew ata Watanymyzyň mukaddes araçäkleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek, parahatçylygyň we dostlugyň serhedi hökmünde Türkmenistanyň Döwlet serhediniň derejesini berkitmek boýunça durmuşa geçirilen işler;
içeri işler ministri I.Mulikow şu ýylyň 5 aýynda ýurdumyzda düzgün-tertibi saklamak hem-de düzgün bozmalaryň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, şeýle hem ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça garamagyndaky düzümleriň geçiren işleri;
Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew şu günüň talaplaryny nazara almak bilen hem-de halkara hukugyň hereket edýän kadalaryna laýyklykda, hasabat döwründe milli kazyýet ulgamyny hem-de kazyýet iş önümçiligini döwrebaplaşdyrmak boýunça görlen anyk çäreler barada hasabat berdiler.  
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň dowamynda “Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda” Permana hem gol çekdi.
Soňra Baş prokuror B.Atdaýew ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler;
milli howpsuzlyk ministri D.Baýramow garalýan döwürde MHM-iň işiniň netijeleri hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň aýrylmaz bölegi bolan amatly jemgyýetçilik ýagdaýyny saklamak boýunça hasabat döwründe amala aşyran çäreleri barada hasabat berdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, ýolbaşçylara degişli tabşyryklary berdi we işgärleri saýlap-seçip almakda we ýerli-ýerinde goýmakda goýberen kemçilikleri üçin milli howpsuzlyk ministri D.Baýramowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.
Şeýle hem Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow ýolbaşçylyk edýän düzüminde işleriň ýagdaýy hem-de hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri;
adalat ministri B.Muhamedow şu günüň talaplaryny we ýagdaýlaryny nazara almak bilen, milli kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri;
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow Bitarap Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birini — gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek we giňeltmek ugrunyň amala aşyrylmagy bilen baglylykda edaranyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça hasabat döwründe görlen çäreler barada hasabat berdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy wezipe borçlaryny talabalaýyk berjaý etmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdowa käýinç yglan edip, degişli Buýruga gol çekdi.
Türkmenistanyň ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory M.Hudaýkulyýew şu ýylyň bäş aýynda korrupsiýa garşy göreşmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan anyk çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda geljekde hem korrupsiýa, parahorluk hem-de gulluk ýagdaýyndan hyýanatçylykly peýdalanmak ýaly ýaramaz hadysalara garşy barlyşyksyz göreşiň alnyp baryljakdygyny aýdyp, şol erbet ýagdaýlary döredýän esaslary aradan aýyrmak boýunça täsirli çäreleri görmegiň möhümdigini belledi. Bu ugurda işleriň milli kanunçylygyň düzgünlerine hem-de halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmalydygyny belläp, döwlet Baştutanymyz gullugyň ýolbaşçysyna öňde goýlan wezipeleri çözmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi jemläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işleriniň sazlaşykly alnyp barylmagyna ünsi çekdi. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň