Arhiw

"Altyn asyr" bilen "Ahal" çempionatda nobatdaky ýeňşini gazandy

23:5330.05.2018
0
5161

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 8-nji tapgyrynyň galdyrylan duşuşyklarynda “Altyn Asyr” bilen “Ahal” toparlary nobatdaky ýeňişlerini gazandylar.

Myhmançylykda “Merw” bilen duşuşan “Ahala” ýeňiş gazanmak ýeňil düşmedi. Duşuşygyň üçünji minutynda Süleýman Muhadowyň “Ahaly” öňe saýlandygyna garamazdan ýer eýeleri ruhdan düşmediler. Ýer eýeleriniň dessine geçiren kombinasiýalary netije berdi. Oýnuň dördünji hem-de onunjy minutlarynda degişlilikde Serdar Annamämmedow bilen Toýly Goçnazarow tapawutlandylar. “Ahala” ýeňiş getiren topy bolsa oýnuň 79-njy minutynda Guwanç Abylow öz adyna ýazdyrdy. “Ahalyň” ezber oýunçysy eminiň bellän 11 metrlik jerime urgusyny ýerine ýetiren Orazberdi Myradowyň şowsuz depen topuna ilki bolup ýetişmegi başardy.

Paýtagtymyzyň “Köpetdag” stadionynda adybir topar bilen “Altyn Asyryň” arasyndaky duşuşykda birinji ýarym deňeçer ýagdaýda geçdi. “Aragatnaşykçylaryň” oýunçysy Selim Nurmyradowyň 18-nji minutda geçiren topuna ýer eýeleri Pirmyrat Sultanowyň 41-nji minutdaky netijeli urgusy bilen jogap berdiler.

Ikinji ýarymda tijenen “Altyn Asyr” Serdar Annaorazowyň hem-de Altymyrat Annadurdyýewiň (2) netijeli urgularyndan soň 4:1 hasabynda ýeňiş gazandylar.

Şeýlelikde bu ýeňşinden soň “Ahal” utugyny 23-e ýetirip, birinji ornuny saklap galdy. Garşydaşyna garanyňda bir duşuşygy az geçiren “Altyn Asyr” bolsa toplan 22 utugy bilen ikinji orny eýeleýär.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 13-nji tapgyrynyň duşuşyklaryna 2-nji iýunda badalga berler.

 

“Merw” – “Ahal” – 2:3

Gollar: Serdar Annamämmedow 4, Toýly Goçnazarow 10 (“Merw”) – Süleýman Muhadow 3, Myrat Annaýew42, Guwanç Abylow 79 (“Ahal”)

Duýduryşlar: Toýly Goçnazarow 27, Amangeldi Saparow 28, Söhbet Allanurow 81 (“Merw”) – Abdy Bäşimow 45, Guwanç Abylow 87 (“Altyn Аsyr”)

Geçirilen ýeri: “Sport desga” stadiony (Baýramaly etr.)

Duşuşygyň emini: I.Barabaş (Türkmenabat ş.)

Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)

Tomaşaçylar: 650

 

“Köpetdag” – “Altyn Asyr” – 1:4

Gollar: Pirmyrat Sultanow 41 (“Köpetdag”) – Selim Nurmyradow 18, Serdar Annaorazow 51, Altymyrat Annadurdyýew 70, 83 (“Altyn Asyr”)

Duýduryşlar: Serdar Baýramow 44 (“Köpetdag”) – Mekan Aşyrow 8 (“Altyn Asyr”)

Geçirilen ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: Ç.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçylar: 300

 

Çeşme: “tff.com.tm”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň