Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen jigitlerini sirk sungatynyň I halkara festiwalynda gazanan uly üstünligi bilen gutlady

22:3729.05.2018
0
6538

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň «Türkmen jigitleri» toparyna

Sizi Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde ilkinji gezek geçirilen «Fontankadaky» sirk sungatynyň I halkara festiwalynda gazanan uly üstünligiňiz — «Altyn Gaetano» altyn heýkeljigine mynasyp bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňiziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, alyp barýan döredijilikli işleriňiziň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýärin.

Bu gün şan-şöhraty dünýä dolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda taryhy ösüşlere beslenýän giň möçberli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen birlikde, milli atşynaslyk sungaty hem kämilleşdirilýär we täze ösüşlere eýe bolýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz ýurdumyzda atşynaslyk sungatyny ösdürmek ugrunda düýpli maksatnamalary durmuşa geçirýäris. Behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, baş sanyny artdyrmak, tohumçylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, milli atçylyk sportunyň gadymy däplerini üstünlikli dowam etmek ugrunda giň möçberli işleri alyp barýarys. Gözelligi, owadanlygy, ýyndamlygy bilen dünýäni haýran galdyrýan türkmen bedewleriniň şanyna toý dabaralaryny uludan tutýarys. Biz bu döwletli işleri geljekde-de üstünlikli dowam ederis.

Häzirki döwürde halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen ahalteke atlary halkara atçylyk sport ýaryşlarynyň we ählihalk dabaralarynyň bezegine öwrüldi. Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda gurlan atçylyk sport toplumlarynda şowhunly at çapyşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi, ýurdumyzda atçylyk sportuna uly üns berilmegi, milli at üstünde oýnalýan oýunlaryň kämilleşdirilmegi bu ulgamyň has-da ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Gadyrly milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary!

Siz at üstünde ýerine ýetirýän çylşyrymly hereketleriňiz, milli oýunlarymyz bilen diňe bir öz ýurdumyzda däl, dünýäniň ençeme döwletlerinde geçirilýän halkara bäsleşiklerinde hem uly ýeňişleri yzygiderli gazanýarsyňyz. Munuň şeýledigine siziň halkara ýaryşlarynda ýerine ýetiren şowly çykyşlaryňyz, gazanan uly sylaglaryňyz doly şaýatlyk edýär.

Siziň 2013-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «IDOL» bütindünýä sirk sungatynyň festiwalynda, 2014-nji ýylda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI halkara sirk festiwalynda, 2015-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda geçirilen sirk sungatynyň II halkara festiwalynda, 2016-njy ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlarynda baş baýraklara mynasyp bolmagyňyz türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä doldurdy. Siziň ýyndam ahalteke bedewlerinde ýerine ýetirýän çylşyrymly hereketleriňiz, täsin milli at üstündäki oýunlaryňyz bu gün dünýä halklaryny haýran galdyrýar.

Ýurdumyzda geçirilýän toý-baýramlarda Siziň ýerine ýetirýän çykyşlaryňyz, halkara festiwallarda gazanýan uly ýeňişleriňiz berkarar döwletimizde atşynaslygy ösdürmekde, ýaşlarymyzda sporta, bedew ata söýgi döretmekde, ýaş nesilleriň kalbynda halkymyzyň atçylyk däplerine wepalylygy kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Hormatly «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar hem-de «Türkmen jigitleri» toparynyň agzalary!

Siziň Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde ilkinji gezek geçirilen «Fontankadaky» sirk sungatynyň I halkara festiwalynda «Altyn Gaetano» altyn heýkeljigine mynasyp bolmagyňyz berkarar döwletimiziň halkara sport abraýyny belende göteren şatlykly waka boldy.

Sizi bu uly üstünligiňiz mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň her biriňiziň janyňyzyň sag, maşgala ojaklaryňyzyň abadan bolmagyny, türkmen atşynaslyk sungatynyň has-da gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan döredijilikli işleriňizde hemişe uly üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň