Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

23:5528.05.2018
0
7864

28-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly we döwlet durmuşynyň birnäçe beýleki möhüm meseleleri girizildi.

Iş maslahatynyň dowamynda:

ýurdumyzda yssy günleriň başlanmagy bilen baglylykda, golaýlaşyp gelýän galla oragy möwsüminde, şeýle hem edaralarda, kärhanalarda we ýaşaýyş jaýlarynda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek boýunça geçirilýän işler;

Balkanabat şäheriniň polisiýa bölüminiň sürüjilik şahadatnamalaryny bermek üçin elektron enjamlar we awtomobil ulaglary bilen üpjün edilen awtomatlaşdyrylan awtodromyň hem-de awtoulag serişdeleri üçin tehniki anyklaýyş merkeziniň gurluşygynyň tamamlanmagy;

Türkmenistanda ýurdumyzyň içeri işler edaralarynyň işgärleriniň gününiň giňden bellemek;

paýtagtymyzy has-da abadanlaşdyrmak babatda görülýän çäreler, iri desgalaryň gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de Çagalary goramagyň halkara gününe taýýarlyk görlüşi;

hem-de ýurdumyzyň sebitlerindäki oba hojalyk işleri, şol sanda galla oragy möwsümine taýýarlyk görlüşi, gowaça ideg edilişi we pile öndürmek boýunça tabşyrygyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem welaýatlaryň täze gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýy we Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň guralyşy baradaky meselelere seredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň