Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet toplumynyň wekilleri Tailandda iş saparynda boldular

12:0127.05.2018
0
13178

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 25-nji maýda wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde döwlet Baştutany maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarowyň 13 - 17-nji maý aralygynda Tailandda geçirilen BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri üçin Ykdysady hem-de durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň 74-nji mejlisine gatnaşmagy baradaky hasabatyny diňledi. BMG-niň iri düzümleriniň biriniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine Aziýa — Ýuwaş ummany sebitinde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek meseleleri girizildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow üstünlikli durmuşa geçirilýän Oba milli maksatnamasynyň baş maksadynyň adamlaryň durmuşynyň hilini täze derejä çykarmakdan, ilatyň abadançylygyny gowulandyrmak üçin zerur şertleri döretmekden ybaratdygyny, bularyň bolsa Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipeleri bilen sazlaşýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany bu resminamada bellenilen çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üns merkezinde saklamagyň möhümdigini belläp, ministre bu maksatnamanyň durmuşa geçirilişini içgin seljermegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň