Türkmenistanda 6-njy iýunda galla oragyna girişiler

11:2127.05.2018
0
6613

Türkmenistanda şu ýylyň 6-njy iýunyndan galla oragyna girişiler. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 25-nji maýda geçirilen göni aragatnaşyk arkaly mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada: "Möhüm möwsüm bolan galla oragy ýakynlaşyp gelýär. Gallaçylaryň öňünde durýan indiki wezipe — köp zähmet siňdirilip, yhlas bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almakdan ybaratdyr" diýmek bilen, Ahal, Mary, Lebap welaýatlarynda 6-njy iýundan, Daşoguz we Balkan welaýatlarynda bolsa 13-nji iýundan galla oragyna başlamaga ak pata berýändigini mälim etdi.

Şu ýyl ýurtda 1 million tonnadan gowra galla hasyly ýygnamak meýilleşdirilýär. Ýurduň galla kabul ediş harmanlary täze möwsüme doly taýýar edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň