Soňky habarlar

Arhiw

TÝL - 2018: "Oýun etse "Şagadam" ýeňer, çynyrgasa "Köpetdag"

23:5625.05.2018
0
6599

Geçen tapgyrda myhmançylykda Marynyň “Energetigini” ýeňlişe sezewar eden Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň “Köpetdagy” 12-nji tapgyrda uly hasap bilen ýeňiş gazandy. Öz meýdançasynda “Şagadamy” kabul eden “Köpetdag” hüjüm futboluny öňe sürdi. Ýöne muňa garamazdan, birinji ýarymda hasap açylmady.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda bolsa, netijeli çykyş eden ýer eýeleri Öwezbaý Muhammetmyradowyň, Berdi Hotdyýewiň hem-de Berdimyrat Rejebowyň gollaryndan soň bassyr ikinji ýeňşini gazandy. Çempionatdaky gazanan üçünji ýeňşinden soň “Köpetdag” utuk sanyny 12-ä ýetirdi. Bu toparlaryň arasynda Türkmenbaşyda geçirilen birinji aýlawyň duşuşygynda “Şagadam” 3:1 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

“Köpetdag” – “Şagadam” – 3:0

Gollar: Öwezbaý Muhammetmyradow 54, Berdi Hotdyýew 65, Berdimyrat Rejebow 88 (11 m.j.u) (“Köpetdag”)

Duýduryşlar: Ylýasberdi Berenow 63, Öwezbaý Muhammetmyradow 75, Meýlis Diniýew 89 (“Köpetdag”) – Nurtagan Mämmedalyýew 41, Hemra Amanmämmedow 45+1, Hydyr Ýakubow 62, Alikper Kerimow 86, Daýanç Orazgulyýew 89, Begenç Annagurbanow 90+1 (“Şagadam”)

Geçirilen ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: W.Baratow (Aşgabat)

Tomaşaçylar: 250

 

Çeşme: “tff.com.tm”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň