Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen daýhanlary üçin pagta ýygyjy tehnikalaryň uly toplumy gelip gowuşdy

15:5225.05.2018
0
3204

Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrligi bilen John Deere International GmbH (Şweýsariýa Konfederasiýasy) kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama görä Türkmenistana pagta ýygyjy kombaýnlaryň uly toplumy gelip gowuşdy.
Häzirki toplumda 50 kombaýn bar, 1-nji iýula çenli şeýle tehnikalaryň ýene-de 150 sanysynyň gelmegine garaşylýar.
Şertnamada 400 kombaýn almak barada ylalyşýar. Olaryň 200-siniň ýurdumyza geçen ýyl getirilendigini ýatladýarys.
Şertnama görä, tehnikalaryň ählisi getirilensoň, ýurdumyzda «ak altyn» ýygýan John Deere-leriň umumy sany 1350-ä ýeter.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň