Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine Gutlag iberdi

05:1025.05.2018
0
8001

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri! 
Mähriban uçurymlar!
Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet derejesinde giňden bellenilýän «Soňky jaň» dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bagtyýar uçurymlaryň — geljegimiz bolan ýaşlaryň bilim-terbiýe alan mukaddes bilim ojagy bilen hoşlaşyk pursatlaryny öz içine alýan «Soňky jaň» dabarasy jemgyýetçilik durmuşymyzda orny hem-de ähmiýeti yzygiderli ýokarlanýan ajaýyp bilimler baýramydyr. Bu baýramyň Aşgabat şäheriniň güni bilen gabat gelmegi bolsa «Soňky jaň» dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýýar.
Däp bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň we agzybir halkymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny dünýä ýaň salýan «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda hem güneşli Diýarymyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde baýramçylyk dabaralary, joşgunly aýdym-sazlar bilen bezelen medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär. Uçurymlaryň, mugallymlaryň, bilim işgärleriniň we ähli halkymyzyň kalbyny şatlyk-joşguna besleýän dabaralar ata Watanymyzyň bagtyýarlyk mekanydygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Hemişe parahatçylygy ündäp gelýän, agzybirlige, bagtyýarlyga çagyrýan hem-de dünýä ýüzünde ynsanperwerligi wagyz edýän merdana halkymyzyň häzirki bagtyýar nesilleri watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmetsöýerligi, maksada okgunlylygy, belent ahlaklylygy özlerine görelde edinmelidir. Okamak we öwrenmek, döredijilikli hem yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak, abadan durmuşyň hatyrasyna kämillige gadam urmak bagtyýar nesillerimiziň baş maksady bolmalydyr. Mähriban ýaşlarymyz täze durmuş ýolunda aýgytly gadam urup, döwrebap ylymlary we bilimleri özleşdirip, eziz Diýarymyza, merdana halkymyza beýik söýgüsi hem-de buýsanjy bilen berkarar Watanymyzyň dünýädäki at-abraýyny we şan-şöhratyny has-da beýgeltmelidir.
Mähriban uçurymlar!
Bilim adamzat üçin hemişe gymmatly baýlykdyr. Ynsan gözlemek, gurmak, döretmek, durmuşy has-da gözelleşdirmek, kämillige tarap ösmek bilen, uly mertebe gazanýar. Şu ýörelgeden ugur alyp, biz ýurdumyzyň bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmäge möhüm ähmiýet berýäris. Ýaşlarymyzyň bilim we döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmek üçin bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýarys, täze bilim edaralaryny döredýäris.
Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän bu alada özüniň oňat netijesini hem berýär. Watanymyza, halkymyza, ajaýyp ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlar kemala gelýär. Soňky ýyllarda halkara bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýan talyplarymyzyň, mekdep okuwçylarymyzyň sanynyň has-da artýandygy bulara aýdyň şaýatlyk edýär.
Dünýäniň dürli künjeklerinde Garaşsyz Watanymyza we halkymyza mynasyp wekilçilik edip, üstünlikli çykyş edýän zehinli we başarjaň ýaşlarymyza biz örän guwanýarys. Ruhy we beden taýdan sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek üçin döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýän häzirki döwürde Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny gorap saklamak, ýurdumyzyň dünýä ýüzünde abadan hem-de kuwwatly döwlete öwrülmegi üçin gujur-gaýrat bilen döredijilikli zähmet çekmek ýaşlaryň mukaddes borjudyr.
Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!
Bilim täzelenişiň we döredijiligiň, ösüşiň esasyny düzýär. Biz döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşinde, uzak möhletli milli maksatnamalarymyzyň amala aşyrylmagynda bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berýäris. Bilim özgertmelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ýaşlarymyzyň belent ynsanperwerlik we watançylyk ruhunda terbiýelenmegi mugallymlaryň, bilim işgärleriniň döredijilik we hünär ussatlyklaryna, öňdebaryjy iş tejribelerine baglydyr. Geljegimiz bolan ýaş nesilleri eziz Watanymyza wepaly ogullar we gyzlar edip terbiýelemekde mugallymlaryň, bilim işgärleriniň hünär ussatlyklarynyň, alyp barýan netijeli işleriniň örän uly ähmiýeti bardyr. Siziň zehinli we döwrebap pikirlenmegi başarýan, berkarar döwletimiziň abraýyny has-da belende göterýän nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ugrundaky ýadawsyz zähmetiňiz geljekki ösüşlerimiziň berk binýadydyr.
Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri! 
Mähriban uçurymlar!
Sizi «Soňky jaň» dabarasy we okuwyňyzy üstünlikli tamamlandygyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Bütin durky bilen Watana bolan beýik söýgä ygrarly, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi we dostlugy ýörelge edinen mähriban we göwnaçyk ýaşlarymyzyň ata Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da beýgeltmekde, agzybirligimizi we jebisligimizi pugtalandyrmakda gujur-gaýratyny, zähmetini, zehin-ukybyny gaýgyrmajakdygyna berk ynanýaryn.
Janyňyz sag, ömrüňiz uzak, ýoluňyz ak, ýürekleriňizde besleýän arzuwlaryňyz hasyl bolsun, mähriban uçurymlar!
Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň