Sankt_peterburg şäheriniň «Russiýa — meniň taryhym» atly taryhy seýilgähinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de surat sergisi geçirildi.
Çäräni Sankt-Peterburg şäheriniň migrasiýa edarasynyň, «Sankt-Peterburg milli öýüniň» hem-de «Russiýa — meniň taryhym» taryhy seýilgähiniň ýardam bermeginde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Sankt-Peterburgdaky bölümi hem-de Türkmen medeni jemgyýeti bilelikde geçirdiler.
Çäräniň açylyş dabarasyna Sankt-Peterburgyň Halkara gatnaşyklary komitetiniň başlygynyň orunbasary W.Ý.Okruşko, şäheriň baş müftisi hem-de başga-da birnäçe hormatly myhmanlar gatnaşdylar.
Sergide suratkeş Wladimir Artykowyň «Hojanepes we Pýotr I» atly meşhur işiniň göçürmesiniň görkezilmegi Türkmenistanyň we Newa boýundaky şäheriň 300 ýyldan hem geçýän gatnaşyklaryna şaýatlyk etdi.
«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylan surat sergisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýyly hut şeýle at bilen atlandyrmagyna bagyşlanan surat eserleriniň 80-den gowragy görkezildi. Eserleriň arasynda ÝUNESKO-nyň medeni miras sanawyna girizilen, taryhda Aleksandr Makedonskiniň meşhur Kabul ediş merkezlerine öwrülen Nusaý galasyny, Gyzgalany, Goňurdepäni, Änewi, Köneürgenji we beýleki taryhy ýadygärlikleri şekillendirýän işler bar.
Soňky habarlar
Arhiw
Sankt-Peterburgda geçirlen surat sergisi «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyryldy
22:2024.05.2018
0
7435
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň