Arhiw

Sankt-Peterburgda geçirlen surat sergisi «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyryldy

22:2024.05.2018
0
7412

Sankt_peterburg şäheriniň «Russiýa — meniň taryhym» atly taryhy seýilgähinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de surat sergisi geçirildi. 
Çäräni Sankt-Peterburg şäheriniň migrasiýa edarasynyň, «Sankt-Peterburg milli öýüniň» hem-de «Russiýa — meniň taryhym» taryhy seýilgähiniň ýardam bermeginde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Sankt-Peterburgdaky bölümi hem-de Türkmen medeni jemgyýeti bilelikde geçirdiler.
Çäräniň açylyş dabarasyna Sankt-Peterburgyň Halkara gatnaşyklary komitetiniň başlygynyň orunbasary W.Ý.Okruşko, şäheriň baş müftisi hem-de başga-da birnäçe hormatly myhmanlar gatnaşdylar. 
Sergide suratkeş Wladimir Artykowyň «Hojanepes we Pýotr I» atly meşhur işiniň göçürmesiniň görkezilmegi Türkmenistanyň we Newa boýundaky şäheriň 300 ýyldan hem geçýän gatnaşyklaryna şaýatlyk etdi.
«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylan surat sergisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýyly hut şeýle at bilen atlandyrmagyna bagyşlanan surat eserleriniň 80-den gowragy görkezildi.  Eserleriň arasynda ÝUNESKO-nyň medeni miras sanawyna girizilen, taryhda Aleksandr Makedonskiniň meşhur Kabul ediş merkezlerine öwrülen Nusaý galasyny, Gyzgalany, Goňurdepäni, Änewi, Köneürgenji we beýleki taryhy ýadygärlikleri şekillendirýän işler bar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň