TÝL - 2018: «Altyn asyr» bilen «Ahal» ýene ýeňiji

17:2924.05.2018
0
1422


Düýn Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda 5-nji we 7-nji tapgyrlaryň senesi süýşürilen duşuşyklary geçirildi. Mälim bolşy ýaly, «Altyn asyr» hem-de «Ahal» futbol toparlarynyň Azianyň Futbol konfederasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşandygy sebäpli, milli birinjilikdäki duşuşyklaryň käbirini başga senelere geçirmek zerurlygy döräpdi. Düýnki duşuşyklaryň şolaryň bir bölümidir.
Geçen ýyl bolşy ýaly, bu ýyl hem diňe çempionlyk üçin göreşýän «Altyn asyr» bilen «Ahal» düýnki duşuşyklarda ýeňiş gazandylar. Ýöne bu ýeňiş olara ýeňil düşmedi. Iki topar hem ýeňlip barýarka, ýeňiş çarhyny öz haýryna öwürmeli boldular. Her niçik hem bolsa, olaryň ikisem garşydaşlaryndan bir pökgi tapawudy bilen rüstem geldiler.
Köpugurly «Aşgabat» stadionynda paýtagtymyzyň adybir topary «aragatnaşykçylary» kabul etdi. Duşuşygyň 19-njy minudynda ýer eýeleri Geldigylyç Koçumowyň geçiren pökgüsi bilen hasapda öňe-de çykdylar. Ýöne garşydaşyň geçen ýylky çempion bolsa, öňdeligi saklamak aňsatmy näme?! Bary-ýogy 2 minut soňra «Altyn asyr» hasaby deňledi. «Aragatnaşçykçylaryň» düzüminden Selim Ataýew tapawutlandy.
Birinji ýarymy 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşygyň ikinji böleginde derwezelere 3 pökgi geçirldi. Şolaryň ikisini «Altyn asyryň» (Selim Nurmyradow 71', Altymyrat Annadurdyýew 72'), birini bolsa «Aşgabadyň» (Şiri Annaýew 86') futbolçylary geçirdiler. Şeýlelikde, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri myhmançylykda geçiren duşuşygynda 3:2 hasabynda ýeňiş gazandylar.
Günüň beýleki bir duşuşygy Mary şäherinde geçirildi. Bu ýerde ýerli «Energetik» ýurdumyzyň wise-çempiony «Ahaly» kabul etdi. «Aşgabat» — «Altyn asyr» duşuşygynda bolşy ýaly, bu oýunda-da hasaby ilki ýer eýeleri açdylar. 33-nji minutda Rahmet Şermetow «Energetigi» öňe çykardy. Ýöne ýerli topar bu artykmaçlygy bary-ýogy 11 minut elinde saklap bildi. Ýaş tälimçi Röwşen Meredowyň şägirtleri 44-nji minutda hasaby deňlediler. «Ahalyň» düzüminde goragçy Ata Geldiýew tapawutlandy. Duşuşygyň birinji ýarymy hem, asyl-ha, tutuş 90 minudy hem 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Hemmeler deňlige garaşyp otyrka-da, goşmaça wagtyň 3-nji minudynda «Ahal» hem 3 utuk, hem ýaryş tertibiniň birinji ornuny gazandy oturyberdi. Myhman toparyň ýeňiş pökgüsini ýene bir goragçy Güýçmyrat Annagulyýew geçirdi.
Bu duşuşyklardan soň, «Ahal» birinji, «Altyn asyr» üçünji orna çykdy. 
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň