Türkmenistanda «Amul — Hazar 2018» halkara rallisine gatnaşjak ýerli türgenleri taýýarlamaga uly üns berilýär

11:4223.05.2018
0
2392

22-nji maýda geçirilen Hökümetiň ýörite mejlisinde sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň başlygy G.Agamyradow çykyş edip, döwlet Baştutanynyň 2011-nji ýylyň 21-nji ýanwaryndaky Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2011 — 2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini we dürli görnüşler, şol sanda awtomobil sporty boýunça ýokary netijeli sporty goldamak boýunça uly işleriň geçirilýändigini belledi.
Degişli maddy-enjamlaýyn binýat döredildi we ol yzygiderli kämilleşdirilýär, türgenlerimiziň türgenleşikleri geçirmegi hem-de ýurdumyzda we daşary ýurtlarda guralýan ýaryşlara gatnaşmagy üçin mümkinçilikler hem-de şertler döredilýär. Muňa 2009-njy ýylda hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda döredilen Awtomobil sporty boýunça milli merkeziň alyp barýan işleri hem ýardam berýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň halkara awtoralli ýaryşlaryna gatnaşmagy üçin tehniki üpjünçilik Awtomobil sporty halkara federasiýasynyň talaplaryna doly laýyk gelýär. Türkmen awtosportçularynyň “Amul — Hazar 2018” iri möçberli ýaryşlarda baýrakly orunlary almagy üçin taýýarlyk işleri Içeri işler ministrligi, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasy tarapyndan tassyklanylan maksatnama laýyklykda alnyp barylýar.
Şunda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sportuň şu görnüşi bilen meşgullanmagynyň hem-de sport awtoulagyny çylşyrymly emeller bilen dolandyrmakda görkezýän ýokary derejeli ussatlygynyň ýaş türgenlerimiz üçin görelde mekdebi bolup hyzmat edýändigi aýratyn nygtaldy. Döwlet Baştutanymyzyň “Amul — Hazar 2018” atly halkara awtoralli ýaryşynyň çäklerinde 2018-nji ýylyň 12-nji maýynda geçirilen awtoralli ýaryşyna gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şonda hormatly Prezidentimiz nobatdaky gezek ajaýyp netijäni görkezdi.
Milli Liderimize sport awtoulagyny ussatlyk bilen dolandyryp we ýokary netije görkezip, awtomobil sporty boýunça “Türkmenistanyň sport ussady” adynyň hem-de Ýeňijiniň Kubogynyň berilmegi, bellenen aralygy ýokary tizlikde geçendigi üçin “Amul — Hazar 2018” halkara awtoralli ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazanmagy Türkmenistanyň awtomobil sporty boýunça ýygyndy toparynyň türgenleriniň buýsanjy bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň