Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin ýörite mejlisinde berlen tabşyryklar bilen bagly iş maslahatlary geçirildi

11:2623.05.2018
0
1702

Türkmenistanyň Prezidentiniň Hökümetiň giňişleýin ýörite mejlisiniň barşynda öňde goýan wezipelerini çözmek hem-de milli Liderimiziň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, paýtagtymyzyň birnäçe sport desgalarynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Mejlisiň deputatlarynyň, birnäçe ministrlikleriň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýat häkimlikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, şeýle hem daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda iş maslahatlary geçirildi.
Iş maslahatlaryna gatnaşyjylar Bütindünýä welosiped güni, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, “Amul — Hazar 2018” halkara awtoralli hem-de öňde boljak beýleki iri halkara derejeli ýaryşlar mynasybetli çäreleri guramaçylykly we üstünlikli geçirmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Şol çäreler ýurdumyzyň sportunyň abraýyny täze belentliklere galdyrmaga gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň