Soňky habarlar

Arhiw

Amanow başlady, «Buhoro» ýeňiş gazandy

10:3823.05.2018
0
1189

Düýn Özbegistanyň futbol çempionatynyň iň ýokary ligasy bolan Superliganyň çäginde Buhara şäheriniň adybir futbol topary "Kukon 1912" toparynyň myhmany boldy. Duşuşykda türkmenistanly legioner Arslanmyrat Amanowyň wekilçilik edýän topary - "Buhoro" ýer eýelerini 2:1 hasabynda ýeňdi. Gollaryň birini biziň ildeşimiziň geçirendigi bolsa has-da ýakymlydyr.
Aslynda, A.Amanow duşuşygyň açylyş goluny öz adyna ýazdyrdy. 14-nji minutda topardaşy Kutiboýewiň özüne geçiren pökgüsini dürs kabul eden ildeşimiz garşydaş toparyň derwezewanynyň deňinden ýeňillik bilen geçip, pökgini boş derwezä gönükdirdi we hasaby açdy.
30-njy minutda ýer eýeleri Muhammadanas Hasanowyň geçiren pökgüsi bilen hasaby deňlediler. Ikinji ýarymynda derwezelere ýeke pökgi hem geçirilmedik duşuşygyň üçünji goly hem birinji ýarymda geldi. Birinji ýarymyň goşmaça wagtynyň 1-nji minudynda Şawkat Salomow Arslanmyrat Amanowyňka meňzeş görnüşde myhman toparyň ikinji pökgüsini hem geçirdi. Bu gol şu duşuşykda geçirilen iň soňky gol boldy.
Özbegistanyň futbol çempionaty, Superliga, 12-nji tapgyr.
22.05.2018 ý.
"Kukon-1912" - "Buhoro" 1:2.
Tapawutlanan futbolçylar:
Muhammadanas Hasanow 30 - ARSLANMYRAT AMANOW 14, Şawkat Salomow 45.
12-nji tapgyrdan 21 utuk toplan "Buhoro" ýaryş tertibinde 4-nji orunda. Möwsümdäki gollarynyň sanyny 4-e çykaran Arslanmyrat Amanow bolsa iň netijeli futbolçylaryň sanawynda ilkinji üçlüge girýär. BIZIŇ ILDEŞIMIZIŇ "BUHORONYŇ" DÜZÜMINDE ŞU ÝYL IŇ KÄN TAPAWUTLANAN FUTBOLÇYDYGYNY HEM AÝRATYN NYGTAMAK GEREK. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň