Soňky habarlar

Arhiw

Wýaçeslaw Ýekimow: «Biz Türkmenistanda welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky pikiri öňe süreris»

04:0023.05.2018
0
6083

22-nji maýda geçirilen Hökümetiň ýörite mejlisinde Russiýanyň Welosiped sporty federasiýasynyň prezidenti, bütin dünýä belli türgen Wýaçeslaw Ýekimow çykyş etdi. Ol şu gün bu ýerde bolmagyň hem-de şeýle hormatly maslahatda çykyş etmegiň özi üçin uly mertebedigini nygtady.
Myhman pursatdan peýdalanyp, ilkinji nobatda, hut milli Liderimiziň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan eden Rezolýusiýasyny kabul edendigi bilen türkmen Liderini tüýs ýürekden gutlady. 56 döwletiň bu Rezolýusiýanyň awtordaşy bolup çykyş edendigi dünýä bileleşiginiň durmuşynda bu başlangyjyň ýokary ähmiýeti hem-de Türkmenistanyň barha artýan orny barada habar berýär.
Bu bolsa öz-özünden düşnüklidir diýip, W.Ýekimow nygtady hem-de milli we umuman, halkara sportunyň, hususan-da, welosiped sportunyň ösdürilmegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gönüden-göni ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň neneňsi uly goşant goşandygyny belledi.
Türkmenistanda welosiped sportunyň öňden gelýän däpleriniň bardygy oňat bellidir — welosipedçileriň birinji jemgyýeti Aşgabatda 1894-nji ýylda döredildi. Ýöne welosiped sportunyň ösdürilmegine soňky ýyllarda, dünýäniň sport bilen has köp meşgullanýan Prezidentleriniň biriniň, ýagny Türkmenistanyň Baştutanynyň tagallalarynyň netijesinde aýratyn depgine eýe boldy, şoňa görä-de, welosiped sporty Türkmenistanda ikinji ömrüni tapdy.
W.Ýekimowyň belleýşi ýaly, Köpetdagyň eteklerinden uzap gidýän ýollar ençeme onýyllyklaryň dowamynda sportuň bu görnüşi boýunça köp sanly milli ýaryşlary kabul edýär, soňky ýyllarda bolsa, öňdebaryjy türgenler üçin halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynyň geçýän ýerine öwrüldi. Munuň şeýle bolmagyna tutuş ýylyň dowamynda açyk asmanyň astynda welosiped sporty bilen meşgullanmaga mümkinçilik berýän Türkmenistanyň diňe bir ajaýyp howasy däl, eýsem, ýurduň ýokary hilli ýollary hem ýardam berýär.
“ARETI”-niň prezidenti Igor Makarow esaslandyryjysy we ýardam berijisi bolup durýan dünýäniň iň ökde welosiped toparlarynyň biri bolan “Katýuşa” iri halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görmek üçin gyş döwründe yzygiderli Türkmenistana gelip durýar.
Myhmanyň aýdyşy ýaly, Olimpiýa derejesiniň ähli ölçegleri boýunça gurlan üsti ýapyk ajaýyp welotrek hem ýokary baha mynasypdyr. Bu sport desgasynyň gurulmagy Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmek ugrundaky möhüm ädimdir. Daşary ýurtly bilermenleriň we Halkara welosipedçiler birleşiginiň hünärmenleriniň baha bermegine görä, bu ýerde hemme zerur talaplar berjaý edilipdir we ähli zerur düzüm göz öňünde tutulypdyr. Bu bolsa Aşgabatda iň ýokary derejeli halkara ýaryşlary geçirmäge şertleri döredýär.
Şunda welosiped sportuny işjeň wagyz ediji, welosipedli ýörişleri hem-de welosiped baýramçylyklaryny yzygiderli guramagyň başyny başlaýjy bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hyzmaty aýratyn nygtaldy. Şol çärelere döwlet Baştutanymyzyň özi gönüden-göni gatnaşýar.
Russiýanyň Welosiped sporty federasiýasy “ARETI” kompaniýasy ýaly, hemişe Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlary, ýarany we dostlary bolupdy we mundan beýlägem bolar diýip, myhman tassyklady hem-de Russiýanyň Welosiped sporty federasiýasynyň döwlet Baştutanymyzyň gol çeken “Türkmenistanda 2013 — 2017-nji ýyllarda welosiped sportuny ösdürmegiň maksatnamasyny” işläp taýýarlamaga örän işjeň gatnaşandygyny belledi. Şol maksatnama sportuň bu görnüşiniň ösmegine kuwwatly itergi berdi.
Maksatnamasyna trekde welosipedli ýaryşlar hem giren 2017-nji ýyldaky V Aziýa oýunlarynyň ýurdumyz tarapyndan görkezilen ajaýyp guramaçylygy göz öňünde tutup, Russiýanyň Welosiped sporty federasiýasy özüniň Halkara welosipedçiler birleşiginde eýeleýän ornuny peýdalanyp, Türkmenistanda eýýäm 2019-njy ýylda sportuň şu görnüşi boýunça dünýä ýaryşyny geçirmek baradaky pikiri öňe ilerletmegiň üstünde yhlasly işlär diýip, W.Ýekimow aýtdy.
Myhman şeýle hem Türkmenistana şu saparynyň barşynda özüniň ýollaryň ýagdaýy bilen tanşandygyny we onuň şosse ýaryşlary boýunça bäsleşikleri guramaga hem doly laýyk gelýändigini nygtady.
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň öňünde ýaş nesliň her welaýatda welosiped sporty bilen meşgullanyp bilmegi üçin mümkinçilikleri döretmek boýunça wezipeleri çözmekde Russiýanyň Welosiped sporty federasiýasynyň we “ARETI”-niň bu ugurda kömek bermäge taýýardygy beýan edildi. Şol ýaşlardan soňra halkara ýaryşlarda Watanymyzyň abraýyny gorajak güýçli ýygyndy toparlary döredip bolar.
Ýokarda aýdanlaryny jemläp, Russiýanyň Welosiped sporty federasiýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milletiň saglygy barada şeýle uly aladasy bolmadyk bolsa, ýurdumyzda sportuň şunuň ýaly depginli ösüşe eýe bolup bilmejegini aýratyn belledi. Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek boýunça giň möçberli işler bilen birlikde, degişli hukuk binýady döredildi. Hususan-da, “Bedenterbiýe we sport hakynda” Kanun kabul edildi, ol raýatlaryň degişli hukuklaryny üpjün edýär we goraýar hem-de bu ulgamy höweslendirmek üçin kepillikleri döredýär.
Türkmenistanda sportuň ösdürilmegi döwletiň milli maksatlarynyň hem-de ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup, ýolbaşçylar öňde goýlan maksatlary amala aşyrmak üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmaýarlar diýip, ady belli türgen aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň