Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanda köpçülikleýin weloýöriş geçiriler

18:4222.05.2018
0
10420

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow 22-nji maýda geçirilen Hökümetiň ýörite mejlisinde döwlet Baştutanyna Bütindünýä welosiped gününe gabatlanyp geçirilmegi göz öňünde tutulýan çärelere taýýarlyk barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň habar berşi ýaly, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli çäreleri ýokary derejede guramak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda guramaçylyk işleri alnyp barylýar.
Bu baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzda welosipedlerde dürli ýaryşlary guramak, ylgaw bäsleşikleri, gezelençler göz öňünde tutulýar. Bäsleşiklere badalga berilýän ýerlerde medeni çäreler, sungat ussatlarynyň çykyşlary guralar. Köpçülikleýin çärelerden başga-da, welosipedçi türgenleriň arasynda bäsleşikler geçiriler.
Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýaryşlaryň geçirilmegine ak pata bermegi, şeýle hem bu bäsleşiklere, hususan-da, welosipedli ýörişe gatnaşmagy baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň