Soňky habarlar

Arhiw

3-nji iýun — Türkmenistanda awtoulagsyz gün

18:2222.05.2018
0
14674

22-nji maýda geçirilen Hökümetiň ýörite mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowa degişli ýolbaşçylar, şeýle hem Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri bilen bilelikde 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede we guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýere ýurdumyzyň ähli ýerlerinde welosipedçileriň gatnaşmagynda welosipedli ýörişi ýa-da welosipedli marafony geçirmäge taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz Aşgabat şäherinde köp sanly welosipedçiniň gatnaşmagynda welosipedli ýörişi guramagyň wajypdygyny belläp, bu ýörişe özüniň hem gatnaşyp biljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli ýörişiň geçjek ugurlaryny kesgitlemegi, bu ugurda ähli zerur taýýarlyk işleri geçirmegi hem-de Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bu ugurda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat bermegi tabşyrdy.
Ýurdumyzyň ilatynyň köp sanly haýyşlaryny nazara alyp, 3-nji iýunda ýurdumyz boýunça giň möçberli ekologiýa çäresini — awtoulagsyz güni geçirmeli. Bu çäre adam üçin amatly bolan iň oňat howa gurşawyny emele getirmekde aýratyn ekologiýa netijesine eýe bolar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Ol şeýle hem ýurdumyzyň raýatlarynyň beden we ruhy taýdan kämilleşmäge ymtylyşyny goldamaga we ýokarlandyrmaga ýardam eder. Aýratyn hem daşky gurşawa oňaýly täsir eder. Ekologiýa howpsuzlygynyň ýokary derejesini üpjün etmäge itergi berer. Ýurdumyzyň ilatynyň mähriban topragymyzyň ajaýyp tebigatyny goramaga aýawly çemeleşmegine ýardam eder. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, 2013-nji ýylyň 7-nji iýunynda kabul edilen degişli karara laýyklykda, bu ugurda bar bolan üpjünçilik ulgamlaryny döwrebap ýagdaýa getirmek boýunça ähli çäreleri görmek, ýurdumyzyň ilatyny welosiped sporty bilen meşgullanmaga giňden çekmek boýunça ähli zerur işleri durmuşa geçirmek möhümdir.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow I.Mulikowa we Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe 3-nji iýunda ir sagat 7-den agşam sagat 19-a çenli paýtagtymyzyň ýollarynda awtoulaglaryň hereketini çäklendirmegi tabşyrdy. Şol gün paýtagtymyzyň köçelerinde diňe jemgyýetçilik awtoulaglary hereket eder. Munuň özi welaýat merkezlerine-de degişlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň