Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

11:5022.05.2018
0
6247

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlary hem-de Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de halkara çäreleri bilen baglanyşykly meýilleşdirilen meselelere garaldy.
Ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda bugdaý oragy möwsümine taýýarlyk görlüşi, ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejede ýola goýulýan ideg işleri, «Soňky jaň» dabarasyna, tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini güýçlendirmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler welaýat häkimleriniň hasabatlarynyň özenini düzdi. 
Döwlet Baştutany hasabatlary birme-bir diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, ýetişdirilen galla hasylyny iň soňky dänesine çenli ýygnap almak üçin möwsümi gije-gündiziň dowamynda guramaçylykly alyp barmak, galla oragynda işlediljek kombaýnlaryň, hasyly daşajak awtoulaglaryň sanyny kesgitlemek we olary möwsüme doly taýýarlamak bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini tabşyrdy.
Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Prezidenti bu jogapkärli işe çekilenleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin ähli zerur çäreleriň görülmeginiň möhümdigini belledi. Bar bolan ammarlaryň, kabul ediş bölümleriniň taýýarlyk meseleleri degişli derejede üns merkezinde saklanylmalydyr. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ekerançylar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmegi talap etdi.
Döwlet Baştutany möwsümleýin oba hojalyk işleri barada aýdyp, boşan meýdanlara gök-bakja ekinlerini, mekgejöwen ekmek, gowaçalara we beýleki ekinlere ideg etmek, olary zyýankeşlerden goramak bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmagy babatda anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz sebitlerdede tomusky dynç alyş möwsümine, şanly senelere we “Soňky jaň” dabaralaryna ykjam taýýarlyk görlüşine aýratyn üns berip, bu çäreleriň ýatda galyjy wakalara beslenmelidigini belledi.
Milli Liderimiz yssy günleriň başlanandygyny, şoňa görä-de welaýatda ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň berk berjaý edilmelidigini aýratyn belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýy, däne orujy we beýleki ýörite enjamlaryň galla oragyna taýýarlanylyşy, ammarlaryň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Wise-premýer orak möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça işlenip taýýarlanylan meýilnama barada aýdyp, bu maksatlar üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna degişli Döwlet toparyny döretmek baradaky Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen hasylyň gysga möhletde we ýokary hilli ýygnalyp alynmagy ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy. Milli Liderimiz Döwlet toparyny döretmek hakyndaky teklibi oňlap, degişli resminama gol çekdi.
Şeýle hem maslahatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary M.Meredow toplumyň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli çäreler hem-de 23 — 24-nji maýda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Berkarar” myhmanhanasynda IХ Halkara gaz kongresini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri;
Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzyň inženerçilik-tehniki düzümleriniň, jemagat hojalygy gulluklarynyň işini kämilleşdirmek, şäherde arassaçylygy we abadançylygy üpjün etmek, şeýle hem seýilgäh zolaklarynda alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmek boýunça işlenip taýýarlanylan meýilnama;
Aşgabat şäheriniň gününe, mekdeplerde “Soňky jaňa” görülýän taýýarlyk görlüşi barada hasabat beriler. Milletiň Lideri hasabatlary diňläp, olar barada degişli görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň