Türkmenistanyň Prezidenti 30 kilometrlik weloýöriş geçirdi

09:1620.05.2018
0
9917

Türkmenistanyň Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň şaýollary boýunça welosipedli ýörişi amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň iş gününiň öňüsyrasynda başlan 30 kilometrlik welosipedli ýörişiniň ugry Köpetdagyň ajaýyp künjeklerinden Aşgabadyň merkezindäki Garaşsyzlyk meýdançasyna çenli dowam etdi.
Döwlet Baştutany ir bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän Jülge diýen ýere geldi. Ýöriş hut şu ýerden başlandy.
Döwlet Baştutany welosipedli ýörişiniň dowamynda daşky gurşawyň gözelliklerini, bu künjegiň täsinliklerini, özboluşlylygyny synlady, tokaý zolaklaryna ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. 
Milletiň Lideri Arçabil şaýolunyň ugry bilen şäheriň merkezine çenli 30 kilometr ýol geçdi. Welosipedli ýörişiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Bitarap Türkmenistan şaýoly bilen ýurdumyzyň Garaşsyzlyk meýdançasyna geldi. Hormatly Prezidentimiz milli senenamamyzyň şanly baýramçylyklary mynasybetli dabaralaryň geçirilýän ýeri bolan Döwlet münberiniň ýanynda welosipedli ýörişi tamamlap, “Oguzhan” köşkler toplumyna tarap ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň