Soňky habarlar

Arhiw

FIFA-nyň reýtingi: Türkmenistan bir basgançak ösüş gazandy

12:2419.05.2018
0
2219

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy FIFA-nyň täzelenen sanawynda 128-nji orna geçdi. FIFA-nyň täzelenen sanawynyň bu guramanyň resmi saýtynda 17-nji maýda çykandygyny ýatladýarys.

Soňky aýyň iň köp ösüş gazanan ýygyndysy 16 basgançak ösüş gazanan Kuweýtiň (160) milli ýygyndysy boldy. 13 basgançak aşak gaçyp, 96-njy oruunda ornaşan Palestinanyň ýygyndysy bolsa iň pes netije görkezeni boldy.

Aziýanyň Kubogy-2019-daky garşydaşlarymyz şu ýerlerde ornaşdylar: Ýaponiýa (60), Oman (87) hem-de Özbegistan (88).

Sanawdaky öňdäki bäşlik üýtgewsiz galdy: Germaniýa, Braziliýa, Belgiýa, Portugaliýa, Argentina.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň