Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti döwlet ýolbaşçylarynyň käbirine berk käýinç yglan etdi

03:0419.05.2018
0
10368

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, awtomobil ulaglary ministriniň orunbasary Jumageldi Geldimyradowiç Garaýew awtomobil ulaglary ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, polisiýanyň podpolkownigi Orazdurdy Meýlisowiç Suhanow başga işe geçmegi sebäpli, Daşoguz welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň başlygy wezipesinden boşadyldy.

* * *

“Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 41-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 1-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, podpolkownik Orazmämedow Röwşen Nazarowiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmenistanyň goranmak ministriniň orunbasary — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň başlygy wezipesinden boşadyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Amangeldiýew Dädebaý Saparowiçe berk käýinç yglan edildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Aşgabat şäheriniň häkimi Durdylyýew Şamuhammede berk käýinç yglan edildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, jemagat hojalygy ministri Abilow Myratniýaz Ýazmuhammedowiçe berk käýinç yglan edildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, “Türkmenhowaýollary” gullugynyň başlygy Saburow Döwran Reimbaýewiçe berk käýinç yglan edildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Hajymyradow Hajymyrat Iskanderowiçe berk käýinç yglan edildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk berjaý etmän, tabynlygyndaky şahsy düzümiň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň goranmak ministri Berdiýew Ýaýlym Ýagmyrowiçe berk käýinç yglan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň