Arhiw

Russiýada «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

16:2018.05.2018
0
11070

Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda guralýan «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. 
Awtomobil ýaryşlarynyň dünýäsinde täze taslama köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem abraýly işewürlik toplumynda — Halkara söwda merkezinde, «Crowne Plaza Moskow» klub binasynda tanyşdyryldy. 
Moskwa gelen türkmen wekiliýeti deslapky tanyşlyk hökmünde “Amul — Hazar 2018” rallisine hem-de ýurdumyzda awtomobil sportuny ösdürmekde milli Liderimiziň ornuna bagyşlanan sergini hem gurady. Sergini Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaryş awtoulagyny sürüjiniň lybasynda düşen suraty ýerleşdirilen uly banner açdy. Monitorlarda öňde boljak halkara awtorallä taýýarlyk görlüşi, geçirilen saýlama tapgyry we beýleki çäreler hakynda gürrüň berýän wideorolikler görkezildi. 
Publisistik makalalar, dürli reňkli fotosuratlar, broşýuralar we bukletler şol gürrüňiň üstüni ýetirip, bu ýere gelenlerde ýurdumyza bolan uly gyzyklanmany döretdi. Serginiň diwarlyklarynda we neşir önümlerinde öňde boljak ralli-reýdiň diňe ajaýyp sport wakasy däl-de, eýsem, Türkmenistanyň halkara üstaşyr-ulag geçelgelerini ösdürmek hem-de multimodal ugurlaryny döretmek babatda işjeň syýasatyna ygrarlylygynyň nyşany bolup durýandygy aýratyn duýuldy. 
“Crowne Plaza Moskow” WTC-de guralan “Turkmen Desert Race 2018” — “Amul — Hazar” rallisiniň taslamasynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy, onuň bilen bu ýere ýygnananlary ýaryş awtoulagynyň ozalky sürüjisi, häzir belli “Africa Eco Race” ralli-marafonynyň baş direktory Žan-Lui Şlesser tanyşdyrdy. 
Çäräniň birinji bölegi maslahat görnüşinde geçirilip, oňa gatnaşanlar öňde boljak ýaryşlara taýýarlyk işlerini, aýratyn-da logistikany, hasaba alyş, nawigasiýa, howpsuzlyk ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Žan-Lui Şlesser ähli sowallara jikme-jik jogap bermek bilen çäklenmän, belli ýaryşlarda, şol sanda “Pariž-Dakar” rallisinde ýeňişleri gazanan ussat reýser hökmünde toplan tejribesini hem paýlaşdy. 
Ol Ýewropany we Afrikany birleşdirýän “Dakar” ugry boýunça 2019-njy ýylda geçiriljek “Africa Eco Race” transkontinental marafonynyň 11-nji goýberilişiniň ilkinji jikme-jiklikleri bilen tanyşdyrdy. Marafonyň görnüşi 6500 kilometre deň aralyk bolup, onuň köp bölegi Sahara çölüniň içinden geçýär. 
Soňra ýygnananlar 2018-nji ýylyň sport möwsüminiň senenama meýilnamasynda ilkinji gezek geçirilýän “Amul — Hazar 2018” halkara rallisi ýa-da “Türkmen Desert Race” Halkara derejesi boýunça tanyşdylar. 
Moskwada geçirilýän tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylara habar berlişi ýaly, ýaryş Türkmenistanda 2018-nji ýylyň 11 — 15-nji sentýabry aralygynda (taýýarlyk görülýän günler — 9 — 10-njy sentýabr) “Amul — Hazar” ugry boýunça geçiriler. Ýaryşlara ýeňil awtomobiller, ýük awtomobilleri we SSV kysymly kwadrosikller goýberilýär. Marafonyň uzynlygy 1500 kilometre deň bolup, ol Garagum sährasynyň içinden, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki gözel ýerlerinden geçer. 
Elbetde, Garagum çöli bu taslamanyň özenidir. 
Ilki bilen, onuň Saharadan soň dünýäde iň uly çöl bolup durýandygy üçin hem dünýäde iň abraýly “Dakar” derejeli awtoralli ýaryşlarynyň hatarynda mynasyp orun almalydyr. 
Ikinjiden bolsa, Garagum sährasy täsinligi nukdaýnazaryndan özünde has köp syrlary saklaýandygy üçin, şeýle ýaryşlaryň geçirilmegine mynasypdyr. Bu çöl Afrikanyň çöllükleri ýaly birsydyrgyn görnüşli bolman, tebigy köpdürlüligi bilen ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar hem-de islendik pursatda bu janly ekologiýa ulgamynyň garaşylmadyk “sowgatlary” peşgeş bermegi mümkindir, bu sähra antropogen täsirler ýetmedi diýen ýalydyr. Şonuň üçin hem awtomobil ýaryşlary has gyzykly häsiýete eýe bolýar, şunda kuwwatly awtomobillere erk edenlerinde, adamlar, aýdylyşy ýaly, onuň bilen “ýüzbe-ýüz bolup” özleriniň tebigat bilen nähili bitewüdigine ýene bir gezek göz ýetirerler. Eger-de daşky gurşawa öz syrdaşyň hökmünde garalanda, tehniki ösüş tebigat bilen siwilizasiýanyň döredijilikli sazlaşygynyň dowamy bolar. 
Bu bolsa “üçünji” sebäpdir: Garagum sährasy türkmen awtorallisiniň esasy geçýän ugry bolmak bilen, tebigaty goramagyň bu naýbaşy nusgasyna dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmelidir, ol ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna girizilmäge mynasypdyr. 
Tanyşdyrylyş dabarasy esasy neşirleriň 50-ä golaýynyň žurnalistlerini: halkara we Russiýa habarlar agentlikleriniň hem-de tele we radioýaýlymlarynyň, Moskwanyň, ýöriteleşdirilen žurnallaryň we gazetleriň, saýtlaryň žurnalistlerini ýygnady. Olaryň hatarynda “Forbes” amerikan maliýe-ykdysady žurnaly, “Mir i politika” halkara žurnaly, “Rossiýskiýe nowosti” federal gazeti, “Moýa planeta” teleýaýlymy, “Russiýa täzelikleri”, “Media Times”, “Newsinfo”, “Mignews”, “Eho Moskwy” agentlikleri, “Delowaýa Moskwa” gazeti, “Mediametric” radiosy, “Mirinform” hem-de “WorldRusNews. ru” Internet žurnallary, “ASP media 24” portaly, şeýle hem “East News” fotoagentligi, “Rusmedia” reklama kompaniýasy we beýlekiler bar. 
Sport synçylarynyň hatarynda “Ýewrosport” ýaýlymynyň, “Olimpiýskaýa panorama”, “Çempionat. com”, “Drom. ru”, “Autosportmedia” portallaryň, “Fiskultura i Sport”, “4x4 Polnyý Priwod”, “Race On Vacation Magazine”, “Awtosport” we ençeme beýlekiler boldy. “Awtotransport” we “Awtomobilnyýe dorogi” ýaly döwürleýin neşirler hem çärä gyzyklanma bildirdiler. 
Habar beriş serişdeleriniň habarçylary tanyşdyrylyş dabarasynda türkmen tarapynyň çykyşlaryndan, şeýle hem wideofilmlerden “Amul — Hazar 2018” rallisi boýunça jikme-jik maglumatlary almak bilen çäklenmän, eýsem, sowallary bermäge hem-de söhbetdeşlik guramaga mümkinçilik aldylar. 
“Africa Eco Race” awtorallisiniň baş direktory şu ýylyň başynda Türkmenistana amala aşyran saparyny hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygyny mähir bilen ýatlady. “Men häzir Türkmenistanda sportuň milli syýasatyň derejesine çykarylandygy baradaky ýagdaý hakynda aýdyň we ynandyryjy subutnamalary aldym. Haçan-da, döwlet Baştutanynyň özi milletiň sport bilen meşgullanmagy baradaky pikiri wagyz edende bolsa, başy başlanan özgertmeleriň ahyrky netijesine hiç hili şübhelenme döremeýär” diýip, Žan-Lui Şlesser belledi. 
— Şu güne çenli fransuz hünärmenleriniň topary geljekki ýaryşlaryň ýoluny barlamak we taýýarlamak boýunça uly işleri geçirdiler — diýip, Şlesser gürrüň berdi. — Şol ugur bäş tapgyra bölündi hem-de her bir tizlikli ýol bölegi ýaryşa gatnaşjak toparlaryň sürüjileri we şturmanlary üçin ençeme syrlary we kynçylyklary özünde gizleýär. Ýaryşlary guramak we geçirmek boýunça fransuz tarapynyň hyzmatlar toplumy maslahat beriş, işleri utgaşdyrmak, daşary ýurtlardan dürli sport toparlaryny çagyrmak, ýaryşlaryň tehnologik üpjünçiligi, şeýle hem halkara habar beriş serişdelerinde ýaryşlary beýan etmek üçin daşary ýurtly hünärmenleri çekmek işlerini öz içine alýar. 
“Turkmen Desert Race” eýýäm Halkara Awtomobil Federasiýasynyň (FIA) ünsüni özüne çekdi. Žan-Lui Şlesser FIA-nyň toparynyň ralli-ýaryşlar boýunça taslamasy bilen tanyşdyrdy hem-de taslamany geljekde dünýäniň status tapgyryna girizmek boýunça mümkinçilikleriniň bardygyny belledi. 
Onuň pikirine görä, häzir ýaryşlary guraýjylaryň öňde boljak ýaryşyň çylşyrymly hem-de gyzykly boljakdygyna, dünýäniň sport bileleşiginde uly gyzyklanma döretjekdigine hiç hili şübhelenmesi ýokdur. 
Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýyl ýurdumyzda “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edildi. Milli Liderimiziň pikirine laýyklykda, daşary ýurtly ýaryşa gatnaşyjylar diňe türkmen halkynyň mirasy bilen tanyşmaga däl-de, eýsem, bu rowaýata öwrülen ýerlere durmuş-ykdysady özgertmeler, ylmy-tehniki ösüş hem-de häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýolunda möhüm ulag merkezi hökmünde eýeleýän ornuny berkidýän ýurdumyzyň sebitleriniň senagat taýdan ösmegi bilen bilelikde gaýnap joşýan täze durmuşy görmäge mümkinçilik alarlar. 
Türkmenistan halkara derejedäki iri sport çärelerini, şol sanda awtomobil sportunda ýaryşlary geçirmekde üstünlikli tejribe toplan ýurt hökmünde özüniň dünýä abraýyny barha belende göterýär. Bu tejribe “Amul — Hazar 2018” awtorallisi ýaly döwlet derejesinde amala aşyrylýan uly taslamany has-da baýlaşdyrar. 
Bu ýaryş ýurdumyzda awtomobil sportuny ösdürmäge itergi bermek bilen çäklenmän, eýsem, syýahatçylygy ösdürmäge hem ýardam eder. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň dünýä belli meşhur taryhy we arheologik ýadygärliklerini, şeýle hem onuň tebigy gözelliklerini gurşap alýan bu ýol boýunça täze syýahatçylyk ugurlaryny girizmegiň möhümdigini belledi. 
Haçan-da, bir wagtlar bu ýerlerden gülläp ösen şäherleriň arasynda ýaýylyp ýatan uç-gyraksyz çöli kesip geçen kerwenler ýol külterlän bolsa, bu gün bu ýerlerden birinji derejeli awtobanlar we döwrebap demir ýollar çekildi we çekilýär. Bularyň hemmesi bilelikde, tebigy gurşawa aralaşmak bilen, syýahatçylara şol bir wagtda Beýik Ýüpek ýolunyň geçmişini we şu gününi synlamak mümkinçiligini peşgeş berer. Bu beýik ýol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary hem-de oňyn halkara syýasaty, işjeň diplomatiýasy netijesinde täzeden dikeldilip, bu gün dünýäniň ýurtlaryny we halklaryny birleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň