Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda teatr festiwaly geçiriler

14:5418.05.2018
0
5369

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpluk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde wise-premýer B.Abdyýewa döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçiriljek çäreler hem-de “Ýüpek ýoly — ýürek ýoly” atly teatr festiwalynyň taslamasy barada hasabat berdi.

Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsert maksatnamasyna Watanymyzy, ýurdumyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýeten derejesini, özboluşly milli däp-dessurlarymyzy wasp edýän aýdym-sazly we folklor çykyşlary giriziler.

Festiwal aralygynda Aşgabatda guramak meýilleşdirilýär. Teatr toparlary ýurdumyzyň taryhyna we görnükli şahsyýetlerine bagyşlanan sahna oýunlaryny, milli Liderimiziň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabynda beýan edilýän rowaýatlar esasynda sahnalaşdyrylan çykyşlaryny görkezerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň