Soňky habarlar

Arhiw

Iň göreldeli uçurymlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

14:5218.05.2018
0
13691

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde wise-premýer P.Agamyradow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, nobatdaky okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň ähli orta mekdeplerinde “Soňky jaň” dabaralary “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçiriler.

Uçurymlar üçin paýtagtymyzyň gözel ýerlerine gezelençler hem guralar. “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde uly dabara bolar. Dabara gatnaşýan göreldeli uçurymlara döwlet Baştutanymyzyň adyndan sowgatlar gowşurylar. Baýramçylyk sungat ussatlarynyň konserti bilen jemlener. Okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli çäreler ähli welaýatlaryň merkezlerinde hem geçiriler.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, mekdebi tamamlaýan ýaş türkmenistanlylaryň müňlerçesi üçin “Soňky jaň” dabarasynyň özbaşdak durmuşa gadam basylmagyny alamatlandyrýan aýratyn wakadygyny belledi. Milli Liderimiz häzirki döwürde ýurdumyzda ýaşlaryň öz ukyplaryny we zehinlerini görkezmegi, ýokary hilli bilim hem-de saýlan hünärini almagy, gözýetimini yzygiderli giňeltmegi, döwrebap bilimleri ele almagy üçin ähli şertleriň döredilendigini aýtdy.

Uçurymlar üçin bu günüň olary durmuşyň täze möhüm tapgyryna ruhlandyrýan ýatdan çykmajak baýramçylyga öwrülmegi üçin öňümizdäki dabaralara taýýarlyk görmäge hem-de geçirmäge döredijilikli çemeleşmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere okuw ýylynyň tamamlanmagyna gabatlanylan çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň