Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň döwlet wekiliýeti Eýranda saparda bolup geldi

14:4918.05.2018
0
4392

Türkmenistanyň wekiliýeti 12 — 13-nji maýda Eýran Yslam Respublikasyna bolan gulluk iş saparynda boldy.

Saparyň çäklerinde Tähranda EYR-nyň pudaklaýyn ministrliklerinde we birnäçe düzümlerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar hem-de gepleşikler geçirildi. Şolaryň dowamynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, energetika we ulag ulgamy ýaly möhüm pudaklardaky türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň wekiliýetini Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti kabul etdi.

Bular barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde döwlet Baştutanyna habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň