Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erman Ylyjagy kabul etdi

14:3717.05.2018
0
12232

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, milli Liderimizi we tutuş türkmen halkyny ýetip gelen baýramçylyk — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen mähirli we tüýs ýürekden gutlady hem-de ähli gowulyklary arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmana mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, öz ösüşinde dünýäniň ylmy-tehniki gazananlaryna hem-de innowasion tehnologiýalara daýanýan Türkmenistanyň möhüm milli taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýan daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda türk kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belledi.

“Rönesans Holdingiň” ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize kompaniýa ynanylan taslamalaryň amala aşyrylmagynyň barşy hem-de milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Hususan-da, dünýäde deňi-taýy bolmadyk möhüm desgany — Ahal welaýatynyň Owadandepe diýen ýerinde tebigy gazdan ýokary hilli awtomobil benzinini öndürýän zawody gurmak boýunça geçirilýän işler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurulýan gazy gaýtadan işleýän döwrebap zawodyň aýratyn möhümdigini belläp, bu giň gerimli taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmakda nobatdaky ädim bolar diýip nygtady. Milli ykdysadyýetimiziň düzüminde onuň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz “Rönesans Holdingiň” ýolbaşçysynyň ünsüni ähli işleriň ýokary hilli we şertnamada bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň möhümdigine çekdi.

Duşuşygyň ahyrynda türk işewüri döwlet Baştutanymyza bildirýän ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň