Soňky habarlar

Arhiw

Ýazguly Hojageldiýew: “Indi geljekki tapgyryň pikirini edýäris”

06:5417.05.2018
0
5137

“Altyn asyryň” baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew Täjigistanyň “Istiklol” toparyndan gazanylan ýeňişden soň geçirilen metbugat maslahatynda yhlasly oýun üçin futbolçylaryna hoşallyk bildirdi. Ol sözlerinde toparyň iň soňky sekuntlara çenli güýçli göreşi alyp barandygyny aýtdy diýip, Täjigistanyň toparynyň resmi saýtynda ýazylýar.

― Toparçadan çykmak bizi juda begendirdi ― diýip, Ýazguly Hojageldiýew sözüni dowam etdirdi. ― Iň soňky sekuntlara çenli ýiti göreşi alyp bardyk we miwesini aldyk. Biz oýnuň kyn boljakdygyna bilýärdik. “Istiklol” pökgä erk etmekde artykmaçlyk hem gazandy, birnäçe howply pursatlary hem döretdi. Ýöne biz hem ähli ünsümizi oýna gönükdirip, olara berk gaýtargy berdik diýip pikir edýärin. Maksada ýetdik, men toparyň oýnundan razy. Indi indiki tapgyrlaryň pikirini edýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň