AFK-nyň kubogy ― 2018: “Ahal” “Alaý” bilen duşuşykda ýeňşiň çarhyny özüne tarap öwürdi

23:4616.05.2018
0
4030

“Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň “Ahal” futbol topary Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşyň “D” toparçasyndaky iň soňky duşuşygynda Gyrgyzystanyň Oş şäheriniň “Alaý” futbol toparynyň myhmany bolup, täsin ýeňiş gazandy. Duşuşygyň ilkinji ýarym sagadynda 0:2 hasabynda yza galan türkmen futbolçylary duşuşyk tamamlanýança ýeňiş çarhyny öz tarapyna aýlamagy başardylar. Duşuşyk 3:2 hasabynda “Ahalyň” ýeňşi bilen tamamlandy. Türkmen futbolçylaryndan Myrat Annaýew (42-nji minutda, 11 metrlik jerime urgusyndan), Güýçmyrat Annagulyýew (66-njy minutda) we Begenç Akmämmedow (goşmaça wagtyň 3-nji minudynda) tapawutlanan bolsa, ýer eýeleriniň pökgülerini häzirki wagtda Gyrgyzystanyň çempionatynda iň köp tapawutlanan afrikaly futbolçy Aliýa Silla (17-nji minutda, 11 metrlik jerime urgusyndan) bilen Sohmurat Mansurow (23-nji minutda) geçirdi.

Iki toparyň arasynda 13-nji martda Aşgabatda geçirilen duşuşyk “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň toparynyň 5:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanypdy. Toparçalaýyn ýaryşlaryň tamamlanmagyna iki tapgyr galanda, iki topar hem toparçadan çykmak mümkinçiligini ýitiripdiler. Ýöne sport jemgyýetçiligini we janköýerleri başga bir sowal gyzyklandyrýardy: “Gyrgyzystanyň çempionatynda bassyr iki ýyl çempion bolan “Alaý” toparçada iň bolmanda ýekeje utuk bolsa-da gazanyp bilermikä?”. Çünki gyrgyz topary mundan öň geçiren bäş duşuşygynyň ählisinde ýeňildi.

Aslynda, ilkinji ýarym sagatlyk oýun ýer eýeleriniň janköýerlerini ýeňşe ruhlandyrdy. Duşuşyga ýiti hüjümler bilen başlan “Alaýyň” futbolçylary 17-nji minutda hasaby açdylar. Gyrgyzystanyň çempionatynda bassyr üç ýyl bäri iň köp tapawutlanan futbolçy bolmagy başaryp gelýän gwineýaly futbolçy Aliýa Silla 11 metrlik jerime urgusyndan hasaby açdy. Bu rugynyň döremegine bolsa “Ahalyň” goragçysy Güýçmyrat Annagulyýewiň jerime meýdançasynyň içinde ýerli toparyň futbolçysy Amredin Şarifiniň garşysyna gödek oýnamagy sebäp boldy. Şondan 6 minut soňra Şohmurat Mansurow “Ahalyň” derwezesinden ikinji pökgini geçirdi.

Duşuşygyň galan dowamynda Röwşen Meredowyň şägirtleri oýnuň gidişini öz eline aldylar. 42-nji minutda Myrat Annaýew ýerli toparyň futbolçysy Şuhrat Rahmanowyň Süleýman Muhadowyň garşysyna gödek oýnamagyndan soň, eminiň bellän 11 metrlik jerime urgusyndan aralygy bir gola çenli ýygyrdy.  Şeýlelikde, toparlar “Alaýyň” 2:1 hasabyndaky üstünligi bilen arakesmä çykdylar.

Ikinji ýarymda “Ahal” oýny has güýçlendirip, ýerli toparyň derwezesinden ýene iki pökgi geçirdi. 66-njy minutda Myrat Annaýewiň özüne geçiren pökgüsini derwezä dürs gönükdiren goragçy Güýçmyrat Annagulyýew hasaby deňledi. Duşuşygyň goşmaça minutlarynda bolsa ikinji ýarymda oýna giren Begenç Akmämmedow “Ahalyň” ýeňiş pökgüsini öz adyna ýazdyrdy.

Şeýlelikde, “Ahal” Gyrgyzystanyň çempionyny şu ýylyň hasabyna ikinji gezek ýeňdi. Geçen möwsümiň jemleri boýunça ýurdumyzyň wise-çempiony bolan we Türkmenistanyň futbol kubogyny gazanan “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň topary, şeýlelikde, toparçany 7 utuk bilen üçünji orunda tamamlady. Gyrgyz futbolynyň soňky ýyllaryndaky iň güýçli topary bolsa ýaryşy hiç hili utuksyz jemledi.

“Altyn asyr”, “Istiklol” ýaly güýçli toparlar bilen ýaryşan “Ahal” toparçadan çykyp bilmedik hem bolsa, ýaryşyň janköýerlerini guwandyrjak oýny orta goýdy. Yklym ýaryşyna 2015-nji ýylda hem saýlama tapgrydan goşulan topar şol ýyl 6 utuk bilen toparçada dördünji orny eýeläpdi. Bu ýyl bolsa utukda-da, orunda-da öňegidişlik bar. Diýmek, ýakyn geljekde “Ahalyň” has uly üstünlikleri gazanjakdygyna berk ynanyp bileris.

Tapgyryň beýleki duşuşygynda “Altyn asyr” Täjigistanyň “Istiklol” toparyny edil şu hasap ― 3:2 hasaby bilen ýeňip, taryhda ilkinji gezek yklymyň ikinji derejeli ýaryşynda toparçadan çykmagy başaran wekilimiz boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň