Nemat Koşokow: "Ähli ünsümiz "Ahal" bilen duşuşykda"

23:3715.05.2018
0
5246

16-njy maýda Gyrgyzystanyň Oş şäherinde geçiriljek "Alaý" — "Ahal" duşuşygynyň öňüsyrasyndaky metbugat maslahatynda ýerli toparyň baş tälimçisi Nemat Koşokow şu günler futbolçylarynyň esasy ünsi şu oýna gönükdirendigine çekdi.

Nemat Koşokow, "Alaý" toparynyň baş tälimçisi:

— Biziň futbolçylarymyz TOP-Ligada "Akademiýa" bilen geçirilen duşuşykdan soň ähli ünsüni bu oýna gönükdirdi. Ertir gowy oýun bolar. Biz "Ahal" bilen bolan ozalky duşuşygyň netijesini eýýäm unutdyk, diňe ertirki oýun barada pikir edýäris.

Abduaziz Mahkamow, "Alaý" toparynyň futbolçysy:

— Toparda keýpler ýerinde. Oglanlar duşuşyga doly taýýar. Ertir toparymyz toparçadaky ilkinji utuklaryny alyp biler we ýaryşy ruhubelentlik bilen jemlär diýip umyt edýäris. Elbetde, janköýerlerimize-de halkara ýaryşda ýeňiş sowgat etmek isleýäris. Ertir ähli janköýerlerimizi bizi goldamaga çagyrýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň