Soňky habarlar

Arhiw

Ýazguly Hojageldiýew: "Geçen ýylky utulyşyň öwezini dolmaga geldik"

22:1115.05.2018
0
9546

"Altyn asyr" futbol toparynyň baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew ertir Täjigistanda ýerli "Istiklol" bilen geçiriljek duşuşykdan öň bolan metbugat maslahtynda Duşenbä geçen ýylky ýeňşiä öwezini dolmak üçin gelendiklerini aýtdy.

Ýazguly Hojageldiýew, "Altyn asyryň" baş tälimçisi:

— Biz iň soňky tapgyra çenli toparçadan çykmak mümkinçiligimizi saklap galdyk. Ertirki duşuşyga taýýarlygymyz adaty tertipde geçdi. "Istiklol" bilen kinji tapgyrda öz meýdanymyzda 2:2 hasabyndaky deňlik bilen geçirilen duşuşykda oýunçylarymyz fiziki taýdan doly taýýar däldi. Häzir olar geçirilen duşuşyklaryň netijesinde kemsiz taplandylar. Biz "Istiklol" bilen boljak kyn duşuşyga taýýar. Toparda ähli zat ýerbe-ýer. Aýratyn bellemli zatlaryň biri-de, toparlaryň biri-biriniň oýnuna beletligidir. Ertirki duşuşyk bolsa toparçanyň ýeňijisini kesgitlär. Ýeňiji bolan topar AFK-nyň kubogynyň nobatdaky tapgyryna çykmaga hukuk gazanar. Biz geçen ýylky utulyşymyzyň öwezini dolmaga geldik. Bizde ertirki duşuşyga diňe diňe goragçymyz Mekan Saparow gatnaşyp bilmez, ýöne onuň hem öwezini dolmaga futbolçy bar. 

Serdar Annaorazow, "Altyn asyryň" goragçysy:

— Biz diňe ýeňiş gazanmak üçin geldik. Bizde diňe bir maksat — AFK-nyň kubogynyň indiki tapgyryna geçmek maksady bar. "Istiklol" — gowy topar, emma biz ýeňiş gazanmak üçin elimizden gelenini gaýgyrmarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň