Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda "Açyk gapylar" güni geçirilýär

23:4614.05.2018
0
3702

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty 2018-nji ýylyň 15-nji maýynda sagat 15:00-da orta we hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, okuw merkezleriniň diňleýjileri, harby bölümleriň esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar üçin “Açyk gapylar” gününi geçirýär.

“Açyk gapylar” gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde alyp barýan syýasatynyň durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, öwrenilýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, döwrebap tehnologiýalar we internet bilen enjamlaşdyrylan täze okuw binalary, ýöriteleşdirilen okuw we lingafon otaglary, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary, sport klubunyň işi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler.

Salgymyz: Aşgabat ş., 1972-nji (Atatürk) köçäniň 73-nji jaýy, telefonlary: 48-62-31, 48-62-33, 48-62-29.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň