Soňky habarlar

Arhiw

"Istiklol" bilen "Altyn asyryň" Gissardaky aýgytlaýjy duşuşygynda omanly hünärmenler eminlik eder

21:1514.05.2018
0
3822

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň "Altyn asyr" futbol toparynyň AFK-nyň kubogy — 2018 halkara ýaryşynyň çäginde Täjigistanyň Gissar şäherinde ýerli "Istiklol" topary bilen geçirjek aýgytlaýjy duşuşygyna omanly hünärmenler eminlik eder. Bu duşuşyk 16-njy maýda bolar.

Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Kuala-Lumpurdaky merkezi edarasyndan habar berlişi ýaly, bu duşuşygyň baş eminligi FIFA-nyň 31 ýaşly emini Omar Mubarak Al-Ýakuba ynanyldy. Ol 2013-nji ýyldan bäri halkara ýaryşlarda eminlik edýär. Onuň karýerasynda halkara duşuşyklaryň 16-sy bar. Omar Mubarak Al-Ýakubi şol duşuşyklarda 3 gezek 11 metrlik jerime urgusyny belledi. Şeýle hem 52 gezek sary kart görkezdi, 2 futbolçyny bolsa gödek oýun sebäpli oýundan çykardy.

"Istiklol" — "Altyn asyr" duşuşygynda baş emine watandaşlary Abdulla Mubarak Muhammad Al-Şamahi we Raşad Raşid Said Al-Hakmani kömek bererler. Duşuşygyň ätiýaçdaky emini hem omanly hünärmen Kasym Matar Ali Al-Hatmi bolar. Duşuşygyň inspektory Li Gi Ýung (Koreýa Respublikasy), komissary Gutam Kar (Hindistan) bolar.

Toparçanyň liderligi ugrundaky aýgytlaýjy duşuşyk 16-njy maý güni 18:00-da başlar. Olar Gissaryň merkezi stadionynda geçiriler.

Toparlaryň arasyndaky ilkinji duşuşyk 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanypdy.

Ýatladýarys, 5 tapgyrdan soň "Altyn asyryň" 11, "Istiklolyň" 13 utugy bar. Toparçadan birinji orunda çykan topar ýaryşy dowam etdirip biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň