"Altyn asyr" Täjigistana geldi

17:5814.05.2018
0
13460

Şu gün Türkmenistanyň dört gezek çempiony "Altyn asyr" futbol topary AFK-nyň kubogy — 2018-iň "D" toparçasyndaky jemleýji duşuşygy geçirmek üçin Duşenbe şäherine geldi. Bu barada "Istiklol" toparynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmen futbolçylaryny paýtagtyň howa menzilinde "Istiklolyň" we Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň wekilleri garşyladylar. Pasport gözegçiligi amala aşyrylandan soňra, "Altyn asyryň" futbolçylary ýerli toparyň awtobusy bilen "Täjigistan" myhmanhanasyna geldiler.

Şu gün sagat 18:00-da türkmen futbolçylary duşuşygyň geçiriljek ýeri bolan Gissaryň merkezi stadionynda ilkinji türgenleşigini geçdiler. "Altyn asyryň" tälimçiler topary Duşenbede geçiriljek duşuşyk üçin 18 futbolçyny alyp geldiler.

"Altyn asyryň" "Istiklol" bilen geçiriljek duşuşyk üçin Täjigistana getiren futbolçylary:

Derwezeçiler: Mämmet Orazmuhammedow, Nurgeldi Astanow.

Goragçylar: Şöhrat Söýünow, Serdar Annaorazow, Zafar Babajanow, Akmyrat Jumanazarow, Serdar Geldiýew, Annasähet Annasähedow.

Ýarym goragçylar: Gurbangeldi Batyrow, Umidjan Astanow, Furkat Tursunow, Begmyrat Baýew, Resul Hojaýew, Mekan Aşyrow.

Hüjümçiler: Myrat Ýagşyýew, Altymyrat Annadurdyýew, Selim Nurmyradow, Mihail Titow.

Baş tälimçi: Ýazguly Hojageldiýew.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň