Soňky habarlar

Arhiw

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde "Açyk gapylar" güni geçirilýär

23:4812.05.2018
0
6527

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti 2018—2019-njy okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine girmäge isleg bildirýän ýaşlary şu ýylyň 9-njy iýunynda “Açyk gapylar” gününe çagyrýar.

Bu günlerde ýaşlar ýokary okuw mekdebi bilen tanyşdyrylar, olara uniwersitete girmek üçin talap edilýän resminamalar, okuw mekdebinde okadylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni-köpçülik işleri barada giňişleýin maglumatlar berler.

“Açyk gapylar” günleri görkezilen salgylarda sagat 9:00-da başlanýar:

Aşgabat şäheriniň, Ahal we Balkan welaýatlarynyň ýaşlary üçin S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde. Salgysy: Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçesiniň 143-nji jaýy. Telefonlary: 34-07-77; 34-34-23; 34-27-09.

Daşoguz welaýatynyň ýaşlary üçin Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda. Salgysy: Daşoguz ş., Ruhnama köçesiniň 94-nji jaýy. Telefonlary: 800322- 5-31-60; 800322-5-22-49; 800322-5-03-92.

Lebap welaýatynyň ýaşlary üçin Türkmenabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Türkmenabat ş., Zelili köçesiniň 1-nji jaýy. Telefonlary: 800422-9-89-56; 800422-9-87-71; 800422-9-88-12.

Mary welaýatynyň ýaşlary üçin Baýramaly şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Baýramaly ş., Talyplar köçesiniň 1-nji jaýy. Telefonlary: 800564-6-38-19; 800564-6-07-84; 800522-6-30-82.

HOŞ GELDIŇIZ!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň