Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler kabinetiniň mejlisini geçirdi

22:5912.05.2018
0
8995

11-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Prezident maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine we döwletimiziň halkyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen içeri syýasatynyň beýleki möhüm meselelerine garaldy.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanyna:

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Eýran Yslam Respublikasyna şu ýylyň 12 — 13-nji maýynda meýilleşdirilen iş saparyna görülýän taýýarlyk;

milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek meselelerini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek maksady bilen görülýän çäreler;

ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen görülýän çäreler;

ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri;

döwlet Baştutanymyzyň täzeçil önümçilik düzümini döretmek, bäsdeşlige ýokary derejeli ukyby bolan önümleriň möçberlerini, şol sanda himiýa senagatynyň önümlerini artdyrmak boýunça öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi;

gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça 2018 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny we ony ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak maksady bilen amala aşyrylýan işler;

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda täze kottej toplumlaryny gurmak;

ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek, dünýäniň ösen tejribesini we häzirki zaman iş usullaryny ornaşdyrmak, şeýle hem bu ugurlardaky halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler;

demir ýol ulaglary ulgamyndaky işleriň ýagdaýy;

şu ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we medeni çäreleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler;

“Ýüpek ýoly — ýürek ýoly” atly teatr festiwalyna görülýän taýýarlyk;

mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler;

parlamentiň milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalary merkezinde geçiriljek “Türkmenistanyň Konstitusiýasy: täze taryhy eýýam we ösüşiň milli tejribesi” atly ylmy-amaly maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabatlar berildi.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň