Arhiw

Türkmenistanyä Konstitusiýasynyň we Döwlet baňdagynyň güni mynasybetli Aşgabatda maslahat geçiriler

19:4612.05.2018
0
10479

Türkmenistanyň Konstitusiňasynyň we Döwlet Baňdagynyň güni mynasybetli paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalary merkezinde “Türkmenistanyň Konstitusiýasy: täze taryhy eýýam we ösüşiň milli tejribesi” atly ylmy-amaly maslahat geçiriler.

Iş toparlarynda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde ykdysadyýeti we oba hojalygyny ösdürmegiň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek, durmuş-zähmet gatnaşyklaryny, daşky gurşawy goramak, ylmy we beýleki ulgamlarda işi kadalaşdyrmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

18-nji maýda giňden bellenilýän şanly sene mynasybetli deputatlar döwlet edaralarynyň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri, bilim hem-de ylym ulgamynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde baýramçylyk dabaralaryna we çärelerine gatnaşar.

Häzirki wagtda 16-njy maýda ýokarda agzalyp geçilen ylmy-amaly maslahaty geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Forumyň esasy maksady ýurdumyzda milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan taryhy özgertmeleri, hukuk hem-de dünýewi döwleti gurmagyň milli esaslaryny wagyz etmekden we tejribe alyşmakdan ybaratdyr.

Maslahatyň işi üç bölümden ybarat bolup, onuň “Türkmenistanyň Konstitusiýasy: demokratiýanyň we ösüşiň dabaralanmasy”, “Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde milli hukuk ulgamynyň orny”, şeýle hem “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi: durnukly ösüşi üpjün etmekde hormatly Prezidentimiziň halkara başlangyçlarynyň ähmiýeti” atly bölümleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Bular barada Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ministrler Kabinetiniň 11-nji maýdaky mejlisinde döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň