Arhiw

Döwlet Baştutany türkmen halkyny Ýeňiş güni bilen gutlady

03:3209.05.2018
0
12063

Eziz halkym!
Hormatly uruş weteranlary!

Sizi dünýä taryhynda aýratyn orun tutýan şanly sene — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýeňiş baýramy adamzadyň parahatçylyk, dostluk, belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň çuň many-mazmunyny özünde jemleýär, halklaryň agzybirligini hem-de jebisligini alamatlandyrýar. Şoňa görä-de, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda hem Ýeňiş gününiň şanyna geçiriljek aýdym-sazly dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Hoşniýetlilik, açyklyk, parahatçylyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, gaýduwsyzlyk, edermenlik türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli aýratynlyklary we häsiýetleridir. Dünýä taryhyna örän pajygaly döwür hökmünde giren 1941 — 1945-nji ýyllarda hem halkymyzyň bu mukaddes ýörelgelerine berk eýeren türkmenistanly gerçekler — merdana watandaşlarymyz doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, aldym-berdimli söweşlerde edermenligiň we gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezdiler hem-de geljekki nesilleriň çuň hormatyna we söýgüsine mynasyp boldular.

Uruş ýyllarynda Türkmenistan frontuň ygtybarly daýanç merkezine öwrüldi. Türkmenistanyň ähli ilaty beýik ynam duýgulary bilen tutanýerli, gaýratly zähmet çekip, bol bugdaý we pagta hasylyny ýygnap, şanly Ýeňşiň gazanylmagyna uly goşant goşdular.

Müňýyllyklaryň dowamynda watansöýüji, namys-arly, öýüň ojagyny öçürmän saklaýan asylly maşgalalar hökmünde özlerini dünýä tanadan enelerimiz, gelin-gyzlarymyz Goranmak gaznasyna altyn-kümüş şaý-sepleriniň 7392 kilogramyny meýletinlik bilen tabşyryp, adamkärçiligiň, ynsanperwerligiň beýik nusgasyny görkezdiler. Uruş döwründe eziz Watanymyzda ajaýyp sungat eserine öwrülen «Türkmeniň kalby» atly ägirt uly haly hem dokaldy.

Wagt nusgalyk söweş hem-de durmuş ýoluny geçen watandaşlarymyzyň hataryny barha azaltsa-da, gazaply uruş ýyllarynyň güzaplary, jebir-jepalary, ýetiren zyýany hiç wagt unudylmaýar. Batyrlygyň, edermenligiň beýik nusgasyny görkezen gahrymanlar kalbymyzda baky ýaşaýar. Şoňa görä-de, azat-erkana durmuş ugrundaky aldym-berdimli söweşlerde mertligiň, gaýduwsyzlygyň, ýanbermezligiň belent nusgasyny görkezen gahrymanlarymyzy, gije-gündiz zähmet çekip, beýik Ýeňşi gazanmaga ägirt uly goşant goşan watandaşlarymyzy uly hormat bilen ýatlaýarys. Ýeňiş gününi bagtyýar nesillerde adamzadyň iň gowy, iň ajaýyp gaýduwsyzlyk, edermenlik, ynsanperwerlik ýaly gözel häsiýetlerini terbiýeleýän baýram hökmünde aýratyn dabaralar bilen belläp geçýäris. Parahatçylygy goldaýjy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün ediji döwlete öwrülen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäherindäki «Halk hakydasy» ýadygärlik toplumynda, ähli şäherdir obalarymyzdaky ýadygärliklerde gazaply uruşda deňsiz-taýsyz edermenlik we gahrymançylyk görkezen watandaşlarymyzy hormatlamak dabaralaryny geçirmek arkaly mähriban halkymyzyň ynsanperwerligini, agzybirligini hem-de jebisligini dünýä ýaýýarys.

Eziz watandaşlar!

«Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgämize laýyklykda zähmetsöýer, gujur-gaýratly, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagy, Garaşsyz döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ynamly ösýän, abraýly döwletleriň biri hökmünde dünýäde doly ykrar edilmegi üçin tutumly işler, örän möhüm özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň her bir raýaty, aýratyn-da, pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary bilen jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini has-da pugtalandyrmaga, ýaş nesilleri watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýan uruş we zähmet weteranlarymyz — paýhasly ýaşulularymyz, ojaga wepaly eziz enelerimiz hakynda uly alada edýäris. Olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga döwlet derejesinde uly üns berýäris. Her ýyl 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryna döwletimiz tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Diýarymyzda täze gurlan we durky täzelenen dynç alyş öýlerinde, şypahanalarda, hassahanalarda uruş we zähmet weteranlaryna köp sanly durmuş ýeňillikleri döredildi.

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy söýmegi, ynsan mertebesini belent tutmagy, ene-ata sarpa goýmagy ündeýän, ak ýürekli, lebzihalal, zähmetsöýer, belent ahlakly bolmagy wagyz edýän, hakyky watançylary terbiýelemekde görelde bolýan ýaşuly nesillerimiz biziň buýsanjymyzdyr.

Mähriban halkym!
Hormatly uruş weteranlary!

Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 73 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, uzak ömür, asuda we abadan durmuş, egsilmez bagt, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň