Aşgabadyň uly ekranlarynda Ýewropa filmleri

12:1208.05.2018
0
6445

11 — 13-nji maý aralygynda «Aşgabat» kinoteatrynda Ýewropa filmleriniň günleri geçiriler. Ýewropa birleşiginiň sebit merkezi we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan geçirilýän çärede Awstriýanyň, Çehiýanyň, Estoniýanyň, Fransiýanyň, Wengriýanyň, Italiýanyň, Latwiýanyň, Sloweniýanyň, Şwesiýanyň we Beýik Britaniýanyň kinematograflarynyň 11 sany filmi görkeziler.
Şeýle çäre biziň ýurdumyzda ilkinji gezek 2016-njy ýylda geçirilipdi. Bu gezekki kino günleri 2018-nji ýylyň Ýewropa birleşigi tarapyndan «Medeni miras ýyly» diýlip yglan edilmeginiň dabaralarynyň çäginde geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň