Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda sport biraýlygynyň jemleri jemlenildi

16:5006.05.2018
0
8671

5-nji maýda Milli sport we syýahatçylyk institutynda her ýyl geçirilýän “Türkmenistan –ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly çäräniň netijelerini jemlemek dabarasy boldy, bu çäre köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni giňden wagyz etmäge gönükdirilendir. Ony Sport we ýaşlar syýashaty ministrligi, şeýle hem ýurdumyzyň sport ugurly ýokary okuw mekdebi guradylar.
Biraýlygyň çäklerinde zähmet toparlarynyň, okuw mekdepleriniň işgärleri, sportuň toparlaýyn we şahsy görnüşleri boýunça ýaryşlara gatnaşyp, futbol, woleýbol, basketbol oýunlary, ýeňil atletika, milli göreş we sportuň beýleki görnüşleri boýunça iň güýçlüleri kesgitlediler. Iň ýokary netijeleri görkezenlere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sylaglar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Welaýatlarynyň ýygyndy toparlarynyň arasynda paýtagtymyzyň türgenleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň arasynda Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň işgärleri öňdäki orunlary eýelediler, Içeri işler ministrliginiň ýygyndy topary hem birinji orny gazandy.
Okuwçylaryň arasynda guralan ýaryşlar has gyzykly we çekeleşikli boldy. Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda Milli sport we syýahatçylyk institutynyň topary, ýörite orta okuw mekdepleriniň arasynda Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabatdaky orta hünär gurluşyk mekdebiniň topary iň güýçlüler diýlip kesgitlenildi. Orta okuw mekdepleriň arasynda paýtagtymyzyň mekdep okuwçylaryň topary ýeňiji boldy.
Dabaranyň dowamynda görkezme çykyşlary guraldy. Aşgabadyň sport mekdeplerinde tälim alýanlar erkin göreş we gimnastika boýunça başarnyklaryny görkezdiler. Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary köpöwüşginli sazly sport çykyşyny tomaşaçylara hödürlediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň