Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

22:5505.05.2018
0
7600

4-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine, halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň käbir meselelerine hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň barşyna garaldy.
Mejlisiň barşynda döňlet Baştutanyna:
2018-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlary üçin makroykdysady görkezijiler;
şu ýylyň dört aýynda Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny yzygiderli amala aşyrmak babatda DIM-niň alyp baran işleriniň netijeleri;
şu ýylyň dört aýynda Mejlisiň alyp baran işleriniň netijeleri;
hasabat döwründe nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň geçiren işleriniň netijeleri;
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy;
2018-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda senagat pudagyndaky işleriň netijeleri, şeýle hem innowasion esasda dokma pudagyny döwrebaplaşdyrmagyň barşy;
Türkmenistanyň söwda toplumynyň pudaklaýyn edaralary tarapyndan 2018-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
we beýleki wezipeler boýunça hasabatlar diňlenildi. Şeýle hem mejlisiň dowamynda milletiň Lideri resminamalaryň birnäçesine gol çekdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň