Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi

06:4104.05.2018
0
7649

3-nji maýda Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedow Mil­li go­şu­ny­my­zyň sö­weş­jeň uky­by­ny duý­dan­syz bar­la­mak, go­şun­la­ryň äh­li gör­nüş­le­ri­niň şah­sy dü­zü­mi­niň sö­weş­jeň tä­li­mi­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, gö­ni wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri Ý.Ber­di­ýe­we bel­le­nen ter­tip­de har­by bö­lüm­le­ri des­sin sö­weş­jeň taý­ýar­lyk ýag­da­ýy­na ge­tir­mek ba­ra­da buý­ruk ber­di.

Ir­den mil­li Li­de­ri­miz okuw-tä­lim mer­kez­le­ri­niň bi­ri­ne gel­di. Bu ýer­de do­lan­dy­ryş mer­ke­zi ýer­leş­ýär.

Bu ýer­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za soň­ky dö­wür­de Mil­li go­şu­na ge­lip gow­şan döw­re­bap har­by-ho­wa hem-de ýö­ri­te teh­ni­ka­la­ryň nus­ga­la­ry gör­ke­zil­di. Ola­ryň kö­pü­si­niň şu gün ge­çi­ri­len har­by-tak­ti­ki okuw­la­ryň bar­şyn­da iş­le­di­len­di­gi bel­lär­lik­li­dir.

Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz syn ediş no­ka­dy­na bar­ýar we şol ýer­de türk­men uçar­man­la­ry­nyň uçu­şy­na syn ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň Har­by-ho­wa güýç­le­ri we ho­wa hü­jü­min­den go­ran­mak go­şun­la­ry iň döw­re­bap ýa­rag­lar, gar­şy­da­şy ýü­ze çy­kar­mak we ot açy­şy do­lan­dyr­mak se­riş­de­le­ri, iň tä­ze na­wi­ga­sion en­jam­lar bi­len üp­jün edil­di.

As­man­da har­by uçar­lar dür­li öw­rüm­le­ri — dik­le­ýin uç­mak, hal­ka, aý­law ýa­ly til­sim­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler. De­sant­çy­lar to­pa­ry bol­sa bel­li bir be­lent­lik­den pa­raş­ýut­ly bök­me­giň us­sat­ly­gy­ny gör­kez­ýär­ler.

Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýer­de Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň göç­me mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň şu ýy­lyň dört aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri­ne ga­ral­dy hem-de Har­by dokt­ri­na­nyň düz­gün­le­ri­ni iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça ýa­kyn gel­jek üçin ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­ler kes­git­le­nil­di.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň