AFK-nyň kubogy — 2018: "Altyn asyr" Gyrgyzystanyň çempionyny uly hasap bilen ýeňdi

23:5502.05.2018
0
4225

Paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň bäşinji tapgyrynyň duşuşygyny geçirdi. Balkanabat şäheriniň “Sport toplumy” stadionynda gyrgyzlaryň “Alaý” toparyny kabul eden “aragatnaşykçylar” jogapsyz toplaryň bäşisini geçirdiler.

Duşuşygyň 6-njy minutynda Mekan Aşyrow hasaby açdy. 25-nji minutda bolsa AFK-nyň Kubogynda türkmen futbolçylarynyň arasynda iň köp tapawutlanan futbolçylaryň biri Altymyrat Annadurdyýew hasaby 2-ä ýetirdi. Oýnuň 60-njy we 68-nji minutlarynda Murat Ýakşiýew toparynyň üçünji, dördünji gollaryny geçirdi. 90-njy minutda bolsa Altymyrat Annadurdyýew duşuşygyň iň soňky nokadyny goýdy.

“D” toparçada çykyş edýän toparymyz bu ýeňşinden soň 11 utuk toplady. Bu toparçanyň öňbaşçysy täjikleriň “Istikloly” 13 utuk bilen ýaryş tertibinde birinji orny eýeleýär. Indi toparymyza toparçadan çykmak üçin 16-njy maýda Gissar şäherinde geçiriljek duşuşykda “Istikloly” ýeňmek gerek. Bizem Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtlerine wajyp duşuşykda ýeňiş gazanyp, türkmen futbolunyň abraýyny artdyrmaga uly goşant goşmaklaryny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

AFK-nyň Kubogy-2018. Merkezi zolak. «D» toparça. 5-nji tapgyr.

2-nji maý. Balkanabat. «Sport toplumy» stadiony. 1253 tomaşaçy. 26 gradus С

«Altyn Asyr» (Türkmenistan) – «Alaý» (Gyrgyz Respublikasy) – 5:0 (2:0)

Gollar: Mekan Aşyrow, Altymyrat Annadurdyýew (2), Murat Ýakşiýew (2)

Duýduryşlar: Mekan Saparow 51 (“Altyn Asyr”) – Erlan Maşirapow 75 (“Alaý”)

Duşuşygyň iň ökde oýunçysy: Altymyrat Annadurdyýew («Altyn Asyr»).

Duşuşygyň emini: Ýakub Alhammadi (BAE)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň