Türkmenistanyň Prezidenti ählumumy ulag meseleleri boýunça halkara foruma gatnaşdy

11:4702.05.2018
0
7054

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky kongresler merkezinde “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara forum geçirildi. Onuň açylyşyna hem-de dabaraly mejlisine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara forumyň geçirilýän ýeri bolan “Awaza” kongresler merkezine bardy.

Eýwana geçip, milli Liderimiz ýurdumyza gelen daşary ýurt wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen mähirli salamlaşdy.

Ýokary derejeli duşuşyga gatnaşyjylar resmi taýdan bilelikde surata düşenlerinden soň, forumyň açylyş dabarasy boldy.

Döwlet Baştutanymyz zala barýar, milli Liderimizi ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.

Milli Liderimiz ýygnananlara: “Türkmen topragyna hoş geldiňiz!” diýip, olara “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara maslahatyň işine gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendikleri, şeýle hem biziň halkymyz bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň açylyş toýunyň şatlygyny paýlaşýandyklary üçin, çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny BMG-niň resmi dilleriniň biri — rus dilinde dowam etdi.

Biz bu ýerde köp döwletleriň ýokary wezipeli wekillerini, ministrleri, halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny, dünýäniň dürli künjeklerinden görnükli diplomatlary, syýasy we jemgyýetçilik işgärlerini görýändigimize şatdyrys. Bu dabaralara şeýle giňişleýin derejede gatnaşylmagyna Türkmenistana goýulýan hormat, biziň maksatlarymyzyň we gyzyklanmalarymyzyň umumylygynyň görkezijisi diýip doly esasda garamaga haklydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bu halkara forumy geçirmek başlangyjy tötänleýin döremedi. Biz şu ýüzýyllykda Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmegiň ähmiýetini üns bilen we düýpli öwrenmegiň, onuň dünýäniň onlarça döwletleriniň, ýüz millionlarça adamlaryň ösmegi, abadançylygy üçin açýan ägirt uly mümkinçiliklerini seljermegiň wagty geldi diýip hasap edýäris diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Häzirki wagtda Beýik Ýüpek ýoly belli bir geografik giňişlikleriň arasyndaky ulag ugry bolmak bilen çäklenmeýär. Bu düşünjäniň örän möhüm syýasy, ynsanperwerlik, dünýägaraýyş manysyna eýe bolýandygyna ynanýaryn. Esasan-da, häzirki döwrüň örän çylşyrymly, kähalatlarda bolsa biziň şaýady bolýan agyr ýagdaýlarymyzyň şertlerinde munuň ähmiýeti ýokarlanýar. Beýik Ýüpek ýoly Gündogary we Günbatary, Aziýany we Ýewropany, bu yklymlarda ýaşaýan halklary özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynam, özara düşünişilmegine we açyklyga ýardam bermek ýörelgelerinde birleşdirer diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Forumyň dowamynda hormatly Prezidentimiz hemmeleri ýene bir gezek mähirli gutlap, söz sözledi. Milli Liderimiz öz çykyşynda ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde ileri tutýan ugurlaryny görkezdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi hem-de şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra Ekspeditorlar assosiasiýasynyň halkara federasiýasynyň prezidenti (FIATA) jenap Babar Badata söz berildi. Ol Hazaryň kenarynda geçýän halkara foruma çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, şeýle derejedäki duşuşyga gatnaşmagyň FIATA üçin hormatly wezipedigini belledi.

Myhman ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga kanagatlanma bildirip, tutuş sebitiň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi babatda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň möhümdigini, şeýle hem onuň gurluşygynyň we enjamlaşdyrylyşynyň ýokary derejesini nygtady.

Jenap Babar Badat Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmekde täze portuň ähmiýeti barada aýdyp, Ýewropa bilen Aziýany birleşdirýän köpri hökmünde onuň eýeleýän ornuna ýokary baha berdi. Myhman şeýle hem FIATA agza döwletleriň arasynda ýük daşamak ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine federasiýanyň ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady.

Forumyň dowamynda Ginnesiň Rekordlar kitabyndan, iri halkara guramalardan, meşhur daşary ýurt kompaniýalaryndan we düzümlerden sylaglary gowşurmak dabarasy boldy. Daşary ýurtly myhmanlara söz berilýär.

Ilki bilen, meşhur Ginnesiň Rekordlar kitabynyň wekili hanym Şeýda Subaşi çykyş etdi. Myhman şu günki dabaralara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ajaýyp gazanylanlaryň ikisi mynasybetli Türkmenistanyň adyna tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny aýtdy.

Bularyň ilkinjisi deňiz derejesinden aşakda ýerleşen (umumy meýdany 1 million 358 müň 484 inedördül metr) iň uly deňiz portunyň gurulmagydyr.

Ikinjisi bolsa deňiz derejesinden aşakda ýerleşýän iň uly emeli ada bolup, ol göçüp-gonýan guşlar üçin örän ähmiýetli we möhüm taslama bolup durýar. Bu maglumatlaryň ählisi resmi taýdan tassyklanylandyr.

Dabaraly ýagdaýda bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda hanym Şeýda Subaşi hormatly Prezidentimize degişli sertifikatlary gowşurdy.

Soňra “Ýüpek ýoly” Halkara söwda palatasynyň (SRCIC) hem-de «Tang West Market Groupyň» başlygy jenap Lu Szýançžun çykyş etdi. Ol Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjynyň HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň teklip eden “Bir guşak — bir ýol” başlangyjy bilen ugurdaş ýerine ýetirilýändigini nygtady. Bu iki başlangyç hem halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde dünýäniň durmuş-ykdysady taýdan rowaçlygynyň bähbidine umumy tagallalary birleşdirmekde Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň möhüm orun eýeleýändigine şaýatlyk edýär.

Myhman Türkmenbaşyda täze Halkara deňiz portunyň açylmagynyň ähmiýeti barada aýdyp, bu taslamanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän döwletleriň arasynda gatnaşyk edilmegine iş ýüzünde goşulan goşant bolup durýandygyny nygtady. Bu desganyň ulanmaga berilmegi geljekde Türkmenistanyň hem-de “Bir guşak — bir ýol” taslamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam eder, sebitde bolşy ýaly, bütin dünýäde hem ykdysadyýetiň ýokarlanmagyna, transmilli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine hyzmat eder.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan dürli ulgamlarda uly üstünlikleri gazanýar, bu bolsa halkyň abadançylygyny üpjün edýär diýip, Lu Szýançžun aýtdy. Myhman türkmen Liderine “Ýüpek ýoly” Halkara söwda palatasynyň sertifikatyny gowşurmak baradaky çözgüdi habar berip, bu şöhratly ýoly täzeden dikeltmek boýunça iki tarapyň başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginiň gatnaşyjy ýurtlaryň ählisiniň halklarynyň umumy arzuwynyň hasyl bolmagyna hyzmat etjekdigini belledi.

SRCIC-niň ýolbaşçysy dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gadymy Ýüpek ýoluny dikeltmek arkaly Gündogaryň we Günbataryň birleşdirilmegine ýardam edýän Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty taslamasyny amala aşyrmakda öňdengörüjilikli ussatlygy üçin sertifikaty gowşurdy.

Soňra Aziýa — Ýuwaş ummany sebiti ýurtlarynyň Söwda-senagat palatalary konfederasiýasynyň (CACCI) Prezidenti jenap Jemal Inaişwilä söz berildi.

Myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we türkmen halkyny Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň gurluşygynyň tamamlanmagy we ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, munuň diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, Merkezi Aziýanyň ähli döwletleri hem-de täze Ýüpek ýoluna gatnaşýan ýurtlar üçin hem taryhy wakadygyny nygtady.

Türkmenistan öň hem sebitara söwda gatnaşyklarynda möhüm orun eýeläpdi, bu meşhur taryhy ýoluň dikeldilýän häzirki döwründe hem onuň eýeleýän orny barha uly ähmiýete eýe bolýar. Strategik taýdan amatly ýerleşmegi türkmen Lideriniň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ägirt uly düzümleýin taslamalaryň ählisi ýurduň Aziýany we Ýewropany birleşdirýän täze Ýüpek ýolunda eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrýar diýip, myhman aýtdy.

Öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça gurlan köp sanly ýöriteleşdirilen terminallary özüne birleşdirýän köpugurly döwrebap port toplumynyň ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň çäginden üstaşyr daşalýan ýükleriň möçberlerini köp esse artdyrmaga, onuň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýeti güýçlendirmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, myhman geljegiň konteýner gatnawlaryna degişlidigini nazara almak bilen, Hazar deňzindäki ilkinji täze konteýner terminalynyň ähmiýetini belledi.

Jenap Jemal Inaişwili milli Liderimizi hem-de ýygnananlaryň ählisini şu günki taryhy waka bilen ýene-de bir gezek gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de türkmenistanlylaryň ählisine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Myhman çykyşyny tamamlap, CACCI-niň adyndan döwlet Baştutanymyza Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky ýurtlaryň ösmegine we rowaçlanmagyna goşandy üçin sertifikaty gowşurdy.

Soňra çykyş eden Maks Plankyň ornitologiýa institutynyň direktory, professor, doktor Manfred Gar (Germaniýa) Beýik Ýüpek ýolunyň bölegi bolup durýan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.

Myhmanyň belleýşi ýaly, “Gündogar — Günbatar” ugry boýunça däp bolan bu söwda ýolunyň guşlar dünýäsinde hem olaryň göçüp-gonýan ýoly hökmünde meňzeşligi bardyr. Bu babatda Hazar deňziniň kenarlary göçüp-gonýan guşlaryň düşleýän hem-de gyşlaýan ýeri bolup durýar.

Şeýlelikde, adamyň ýaşaýyş-durmuş işiniň netijesinde tebigy çäkleriň ýitgisiniň öwezini dolmak maksady bilen, emeli guş adalaryny döretmek boýunça taslama täsindir hem-de aýratyn hormata mynasypdyr.

Doktor Manfred Gar hormatly Prezidentimizi tebigata hem-de adamzada peýda getirjek bu geljegi uly taslamanyň amala aşyrylmagy bilen gutlap, sebitde guşlaryň köpdürlüligini gorap saklamak üçin şertleriň döredilendigi hem-de olary goramak boýunça taslama üçin milli Liderimize Maks Plankyň ornitologiýa institutynyň sertifikatyny we sylagyny gowşurdy.

Soňra Awstriýanyň ornitologiýa merkeziniň direktory, professor Leonid Fusani çykyş etdi. Ol Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň açylmagy mynasybetli dabaralara gatnaşmaga çakylygy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Myhmanyň belleýşi ýaly, bu taslama Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösmegi üçin uly ähmiýete eýedir. Taslamanyň durmuşa geçirilmeginde daşky gurşawy goramak meselesine aýratyn üns berilmegi buýsançly ýagdaýdyr. Şunuň ýaly oýlanyşykly çemeleşmä, şeýle hem portuň gurluşygynyň barşynda çykarylan toprakdan emeli ada döretmekdäki başlangyja ýokary baha berip, jenap L.Fusani ekologiýa abadançylygynyň baş maksatlaryna laýyk gelýän bu çözgüdiň örän paýhasly başlangyçdygyny nygtady.

Myhman Türkmenbaşy aýlagynyň Aziýada göçüp-gonýan guşlaryň esasy ugurlarynyň ýolunda ýerleşendigini belledi. Bu ýerde guşlaryň 300-e golaý görnüşini synlamak bolýar, olary esasan-da, gyş paslynda göçüp-gonýan wagtlarynda görmek mümkindir.

Awstriýanyň ornitologiýa merkeziniň direktory şu gezekki dabaralara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen Lideriniň tebigaty goramak boýunça aýratyn tagallalarynyň ykrarnamasy baradaky sertifikaty gowşurdy.

Soňra Gamburgdaky “PricewaterhouseCoopers” (PwC) kompaniýasynyň “Maritime Competence Center” merkeziniň ýolbaşçysy jenap Klaus Brandt çykyş etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çakylygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ilkinjileriň hatarynda bu döwrebap porty görmäge döredilen mümkinçilige buýsanýandygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, täze portuň ulanmaga berilmegi bilen Türkmenistanyň Hökümeti öz öňünde milli ykdysadyýetini ösdürmek boýunça wezipe goýdy. Bu şeýle hem tutuş Ýewraziýa üçin düzüme uly maýa goýumlary, Hazarýaka ýurtlary bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň binýady bolup durýar. Eger şu täze deňiz porty gurulmadyk bolsa, ýük daşalyşyny we ýolagçy gatnadylyşyny has dowamly awtomobil ýollary ýa-da demir ýollary boýunça amala aşyrmaly bolardy.

Ykdysadyýetde uzak möhletli oňat mümkinçilikleri döredýän bu portuň gurulmagy we ulanmaga berilmegi bilen, Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde täze standartlary ýola goýdy. Siz dogry ýol bilen barýarsyňyz diýip, jenap Klaus Brandt belledi.

Myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy möhüm düzümleýin desganyň açylmagy bilen gutlap, milli Liderimize “PricewaterhouseCoopers” kompaniýasyndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Iň gowy deňiz porty diýlip ykrar edilmeginiň sertifikatyny gowşurdy.

Soňra “Hamburger Hafen und Logistik AG” (HHLA) kompaniýasynyň Gamburg Konteýner terminalynyň (CTT) dolandyryjy direktory doktor Tomas Koha söz berildi. Myhman döwlet Baştutanymyza Türkmenbaşydaky täze Halkara deňiz portunyň açylmagy mynasybetli geçirilýän dabara gatnaşmaga çakylygy üçin hoşallyk bildirip, erkin söwdanyň hemişe milletleriň abadançylygynyň kepili, şeýle hem olaryň medeni taryhynyň aýrylmaz bölegi bolandygyny belledi.

Doktor Tomas Koh döwlet Baştutanymyzy şu günki ajaýyp waka bilen gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuny netijeli deňiz porty diýip ykrar etmegiň sertifikatyny gowşurdy.

Soňra Zeeland deňiz portunyň Gözegçi geňeşiniň başlygy jenap Rolf de Boer çykyş etdi.

Şunuň ýaly wekilçilikli foruma gatnaşmak mümkinçiligine örän şatdygyny nygtap, myhman Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda iň öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylandygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine sertifikaty hem-de degişli nyşany gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara tamamlanandan soň, jemleýji söz bilen çykyş etdi.

Milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlenip, abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň adyna aýdan mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyz bu abraýly düzümleriň hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlygyna ýokary baha berýär, şeýle hem foruma çykarylan zerur bolan we möhüm meselelerde mazmunly hem-de oňyn çemeleşmelere sarpa goýýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gowşurylan sylaglar üçin minnetdarlyk bildirip, olary ilkinji nobatda, Türkmenistana, onuň halkyna hormat goýmagyň nyşany, Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmäge, giň halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şol hyzmatdaşlykda deňhukuklylyk, ynanyşmak, özara düşünişmek we açyklyk ýagdaýynyň berkarar bolmagyna ýurdumyzyň uly goşandynyň ykrar edilmesi hökmünde kabul edýändigini belledi.

Türkmenistan bu ýörelgelere pugta we bütinleý ygrarlydyr hem-de häzir olaryň üstüniň hakyky, anyk işler bilen ýetirilmegi üçin hemme mümkin bolan işleri amala aşyrýar diýip, milli Liderimiz belledi. Biziň ýurdumyz iri düzümleýin, ulag-kommunikasiýa we energetiki taslamalary durmuşa geçirýär, halkara hyzmatdaşlygyň ygtybarlylygyny, onuň netije bermegini ýokarlandyrmaga gönükdirilen möhüm netijeli başlangyçlaryny öňe sürýär. Bularyň ählisi dünýäde esaslandyrylan derejede ünsi çekýär hem-de möhüm bolan oňyn bahany emele getirýär.

Döwlet Baştutanymyz häzirki halkara forumyň çagyrylmagynyň we syýasatçylar, hünärmenler, bilermenler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan oňa bildirilen giň gyzyklanmanyň häzirki zaman şertlerinde Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek pikiriniň neneňsi uly ähmiýete eýe bolýandygyny habar berýändigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, diňe bir söwdada, ykdysadyýetde, maýa goýumlarda däl, eýsem, syýasatda, medeniýetde, ynsanperwer gatnaşyklarda, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde hem geljek açylýar.

Häzirki forum bu işlere ýardam bermäge, pikir alşylýan, özara hereket etmegiň netijeli nusgalary işlenilip taýýarlanylýan, hünär derejesinde gymmatly gatnaşyklaryň üstünde işlenilýän meýdançalaryň biri bolmaga gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz belledi. Munuň özi mundan beýläk anyk işleri alyp barmak üçin örän möhümdir we örän peýdalydyr.

Hormatly Prezidentimiz forumyň açylmagy bilen ýygnananlary ýene bir gezek gutlady we oňa gatnaşyjylara uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Şeýle hem şu gün döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi.

***

Soňra “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara forum umumy mejlis bilen işini dowam etdi. Onuň gün tertibine ulag ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, onuň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamak bilen bagly meseleleriň giň topary girizildi. Halkara deňiz portlarynyň dünýä ykdysadyýetine täsiri, multimodal üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmek, logistika, maýa goýum işi, işewür gatnaşyklary höweslendirmek ýaly meseleler gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy.

Foruma gatnaşyjylar onuň ähmiýetini belläp, Bitarap Türkmenistanyň we onuň milli Lideriniň bu möhüm ugurda netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge goşandyna ýokary baha berdiler. Bellenilişi ýaly, biziň ýurdumyz döredijilikli ylalaşdyryjylyk syýasatyna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, durnukly ösüşiň we durmuş-ykdysady rowaçlygyň esasy şertleriniň biri, kuwwatly birleşdiriji serişde bolup durýan sebit we dünýä ulag düzümini döretmäge öňdengörüjilikli we täzeçil çemeleşmäni görkezýär. Mysal üçin, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu maksatlarda Hazar, Gara deňzi, Baltika we Ortaýer deňzi sebitleriniň, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň we Aziýa — Ýuwaş ummany sebitleriniň mümkinçiliklerini ulanmak boýunça birnäçe başlangyçlary öňe sürdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň abraýly halkara guramalar we düzümler, şol sanda BMG we onuň esasy ýöriteleşdirilen edaralary we komissiýalary, şeýle hem ÝHHG, YHG, GDA, Halkara awtomobil ulaglary birleşigi (MSAT) Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRASEKA) ulag geçelgesi boýunça hökümetara komissiýa we beýlekiler bilen özara gatnaşyklarynyň okgunly häsiýetini bellemek gerek.

“Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara forumyň jemleri boýunça degişli Jarnama kabul edildi, onda duşuşyga gatnaşyjylaryň uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, umumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine laýyk gelýän häzirki zaman dünýä ulag ulgamyny döretmek boýunça döwletara we sebitara gatnaşyklara täze itergi bermäge ymtylmalary öz beýanyny tapdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň