Soňky habarlar

Arhiw

Röwşen Meredow: “Siz indiki ýyl düýbünden başga, hil taýdan özgeren “Ahaly” görersiňiz”

23:2730.04.2018
0
5095

AFK-nyň Kubogynyň 5-nji tapgyrynda täjikleriň “Istiklolyny” kabul edýän “Ahal” toparynyň baş tälimçisi Röwşen Meredow “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen metbugat ýygnanyşygyna gatnaşdy.

- Ertirki oýna taýýarlanyşyňyz hakynda aýdaýsaňyz?

- Türgenleşiklerimiz adaty ýagdaýda geçirdik. Aslynda, biz ýerli çempionatymyz bolsun, ýa-da AFK-nyň Kubogynyň oýunlary tapawudy ýok öz öňümizde goýan taýýarlanyş usulymyzy üýtgetmeýäris. Jemläp aýdanymda, ertir güýjümizi görkezmäge doly taýýar.

- Wagtyndan öň toparçadan çykmak mümkinçiligiňizi ýitirdiňiz. Şu ýagdaý toparyňyzyň ertirki duşuşykda öz oýnuny görkezmäge päsgel berip bilermi?

- “Ahal” örän ýaş topar. “Altyn Asyr” bilen dördünji tapgyrda geçiren duşuşygymyzdan nägileligimi gizläp durmadym. Kubok bäsleşiginiň öňüsyrasy toparçadan çykmak babatda uly ynam bildiripdik. Görkezen netijämizden nägile bolandygyma garamazdan, şol oýunlarda görkezen oýnumyzdan gaty razy. Sebäbi toparymyzda tejribeli oýunçylar bilen birlikde ýaşlara hem giň mümkinçilik döretdik. Ýalňyşlyklar hemmelerde hem bolýar. Ýöne oglanlarymyzyň köpüsiniň AFK-nyň Kubogy ýaly abraýly ýaryşda ilkinji gezek çykyş edendigini hem nazarymyzdan aýyrmalyň. Seredip görseňiz, biz toparçadaky geçiren duşuşyklarymyzda diňe iki top geçirtdik. Ýeňlişe sezewar bolan oýunlarymyzda hem garşydaşlarymyzdan birjikde pes çykyş etmedik. Biz dogry ýoldan barýarys diýip arkaýynlyk bilen aýdyp bilerin. Dogry, biz bu ýyl toparçadan çykmak mümkinçiligimizi ýitirdik, ýöne maňa ynanyň, siz indiki ýyl düýbünden başga, hil taýdan özgeren “Ahaly” görersiňiz. Biziň toparymyzda ýygnanan häzirki neslimiz ýeňiş gazanmak üçin örän erjel çykyş edýärler. Bu bolsa ýeňşe barýan ilkinji ädimdir. Ertirki duşuşykda biz janköýerlerimizi begendirmäge çalşarys. Toparçadan çykmak mümkinçiligimizi ýitirdik diýip siz pikirem etmäň,  biz diňe ýeňiş gazanmak üçin meýdana çykarys. Soňlugynda-da, bar ünsümizi milli çempionatymyzda jemläris. Biz toparçadan çykmaga mümkinçiligimiziň ýokary bolandygyny ertirki oýnumyz bilen görkezeris.

Yhlas Saparmämmedow, “Ahal” toparynyň oýunçysy:

- Oglanlaryň hemmesi oýna 100% taýýar. Ertir diňe ýeňiş gazanmak üçin meýdana çykarys. Tälimçimiziň öňümizde goýan oýnuna görä hereket ederis.

“Ahal” bilen Täjigistanyň çempiony “Istiklolyň” arasyndaky AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň bäşinji tapgyrynyň duşuşygynyň 1-nji maýda sagat 18:00-da paýtagtymyzyň köpugurly “Aşgabat” stadionynda geçirilýändigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň